Sepleriň elýeterliligi

Kuweýt we Bahreýn Siriýadaky ilçilerini yzyna çagyrdy


Duşenbe güni Siriýada demonstrasiýalary basyp ýatyrmak boýunça hökümetiň alyp barýan çäreleriniň barşynda Kuweýt bilen Bahreýn özleriniň Siriýadaky ilçilerini yzyna çagyrdylar.

Kuweýtiň daşary işler ministri Şeýh Mohammed al-Sabah Siriýadaky gandöküşikli wakalar bilen hiç kimiň ylalaşyp bilmejekdigini aýdyp, öz ilçileriniň bu ýagdaýlar bilen baglanyşykly konsultasiýa çagyrylandygyny mälim etdi.

Hepdäniň ýekşenbe güni Saud Arabystany hem Siriýadaky gandöküşikli wakalary ýazgaryp, ol ýerdäki ilçisini yzyna çagyrypdy.

Soňky bäş aýa golaý wagt bäri Siriýada hökümete garşy dowam edýän protestleri basyp ýatyrmakda prezident Başar al-Assadyň režimi protestçilere garşy ýarag ulanmak ýaly gazaply çäreleri ulanyp gelýär.
XS
SM
MD
LG