Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Azerbaýjanyň prezidenti bilen duşuşýar


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Soçi şäherinde özara gepleşik geçirer diýlip garaşylýar.

Orsýetiň prezident administrasiýasy bu gepleşiklerde esasan Daglyk-Garabag regiony bilen baglanyşykly konfliktli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny mälim etdi.

Mundan daşary, iki ýurduň prezidentleri Hazar deňziniň statusy bilen baglanyşykly meseleler barada-da pikir alşarlar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG