Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Britan polisiýasy tertip-düzgüni dikeltmäge synanyşýar




Londonda we Britaniýanyň ýene üç iri şäherinde tutaşan zorluklar we talaňçylyklar häkimiýetleri 1980-nji ýyllarda ýurtda bolan jynsparazlyk çykyşlaryndan soňky iň ýaramaz bidüzgünçilikleriň üstünden eltdi.

Britaniýanyň paýtagtynyň ençeme böleklerinde dörän we üç gijeläp dowam eden tertipsizlikler birnäçe söwda merkezleriniň talanmagyna sebäp boldy. Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron adatdan daşary ýagdaý boýunça maslahat geçirdi.

Ýüzi nikaply ýaşlaryň gatnaşmagynda Londonyň ençeme künjeklerinde başlanan bidüzgünçilikler ýene birnäçe şäherlere ýaýrap, Birmingem, Liwerpul we Bristol şäherlerinde ýüz berdi. Polisiýa munuň öňüni almagy başarmady.

Çäre görülýär

Gijäniň dowamynda şäheriň köçelerine gözegçilik eden jemi 6 müň ofiserden ybarat polisiýa güýçleri ýene-de ýüzlerçe adamlyk goşmaça kömek sorady. Polisiýa güýçleri has uly zeper ýetirilen raýonlara bronly maşynlary ýollamak kararyny hem yglan etdi. Polisiýa öz güýjüniň gowşanlygyny hem boýun aldy.

Britaniýnyň içeri işler ministri Tereza Meý hökümet binasynda, 9-njy awgust.
Britaniýanyň içeri işler ministri Tereza Meý iki gijäniň dowamynda polisiýanyň 450-den gowrak adamy ele salandygyny habar berdi. Muňa garamazdan, Londonyň birnäçe raýonlarynda gozgalaňçylar üçin erkin hereket etmäge mümkinçilik bolupdy. Olar öz ygtyýarlaryna görä, dükanlary taladylar, hususy jaýlara we talaňçylykdan heder edip ir ýapylan restoranlara hüjüm etdiler.

Londonyň köp ýaşaýjylary näme sebäpden tertip-düzgüni dikeltmek üçin has köp polisiýa güýçleri ulanylmaýar diýen sowaly orta atýarlar. Gijelerine komendant sagadyny girizmek we ýangyn söndüriji brandspoýt gurallaryny ulanmak ýa paýtagta harby goşunlary girizmek ýaly teklipler hem häli-şindi öňe sürülýär.

Sişenbe güni ýurduň içeri işler ministri Tereza Meý güýçli tankytlar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Onuň Londonyň köçelerine gözegçilik edýän polisýa işgärleriniň sanyny çäklendirmek baradaky ozalky teklipleri güýçli ýazgarylýar. Geçen ýyl ol paýtagta gözegçilik etmek üçin has az sanly polisiýa güýçleriniň ýeterlikdigini aýdypdy.

Emma Meý “Sky News” telewideniýesine beren interwýusynda öz pozisiýasyny gorap, işini ýerine ýetirmek üçin polisiýada ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde-de polisiýanyň komissary Tim Godwin jemgyýetçiligi-de polisiýa bilen işleşmäge, şeýle-de ene-atalary öz çagalaryny gijelerine köçelere çykarmazlyga çagyrdy.

Nämeden başlandy?

Ýüzi nikaply ýaşlaryň gatnaşmagynda Londonyň ençeme künjeklerinde başlanan bidüzgünçilikler ýene birnäçe şäherlere ýaýrady. (Surat: Londonyň gündogarynda, 8-nji awgust)
Londondaky zorluklar geçen şenbe güni agşam paýtagtyň demirgazygynda ýerleşýän pes girdejili we köpmilletli ilatly Tottenhem raýonynda bolan protest çykyşlaryndan başlandy. Şonda protestçiler 29 ýaşly Mark Dugganyň polisiýa tarapyndan atylyp öldürilmegine garşy çykyş edipdiler. Dört çaganyň atasy bolan Duggan geçen penşenbe güni çylşyrymly bir ýagdaýda atylyp öldürilipdi.

Protesler ýaýbaňlanansoň, köpler muny Beýik Britaniýada sosial gatnaşyklaryň dartgynlaşmagy bilen baglanyşdyrdy. Ýakynda Beýik Britaniýanyň hökümeti jemgyýetçilik zerurlyklary üçin sarp edilýän çykdajylary 2015-nji ýyla çenli 130 milliard dollar möçberinde azaltmak kararyna gelipdi. Bu kararyň maksady – dargap barýan hususy banklary goldamak üçin milliardlarça dollar çykaryp, ýurduň býujetinde dörän defisiti azaltmakdan ybarat.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG