Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenkonyň tarapdarlary köçelerde, Moskwa wakalardan gözüni aýranok


Ýuliýa Timoşenkonyň tarapdarlary Lwiwde, 8-nji awgust.
Ýuliýa Timoşenkonyň tarapdarlary Lwiwde, 8-nji awgust.
Dünýäniň käbir ýerlerinde bir syýasatçynyň türme tussaglygyna höküm edilmegi onuň prezidentlik ambisiýalarynyň ölendigini aňladýan bolsa gerek. Ýöne Ukraina ýaly bir ýurtda welin, sudy äsgermezlik edenligi üçin türmä dykylan oppozision ýolbaşçy Ýuliýa Timoşenko barada munuň ajaýyp kampaniýa tarap ädilen ädim bolup çykmagy ähtimal.

Onuň tarapyny çalýandygyny Orsýet hem gizläp duranok. Kremliň ýokary derejeli resmileri bu işiň ony türmä dykan adam, Wiktor Ýanukowiç üçin, “uzak möhletli netijeleriniň” boljakdygyny aýdýarlar.

Timoşenko 2009-njy ýylda premýer-ministrkä “Gazprom” bilen syýasy taýdan bähbitli, maliýe taýdan hem oýlanyşyksyz bir şertnama baglaşanlykda aýyplanýar. Ýanukowiç onuň bu işi parlamentden rugsatsyz edendigini aýdýar. Günäli tapylan halatynda Timoşenko 10 ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar.

Timoşenko bilen onuň tarapdarlary bolsa: “Ol şertnama kanunydy” diýýärler. Olaryň aýtmagyna görä, Timoşenkonyň hem suda çekilmegi, hem türmä dykylmagy Ýanukowiçiň öz potensial syýasy bäsdeşlerini syýasy sahnadan çykarmak üçin edýän synanyşygyndan başga zat däl.

Iki tarapyň arasynda dowam eden güýçli gaz dawasynyň soňlanmagyna getirip, Ukrainanyň gaza töleýän bahasyny takmynan iki esse gymmatladan bu şertnamany Moskwa goraýar. Orsýetiň Daşary işler ministrligi öz internet saýtynda ýerleşdiren beýannamasynda “kanuna berk laýyk” diýip, bu gaz ylalaşygyny gorady.

Orsýetde oppozision ýolbaşçy Boris Nemtsow 1990-njy ýyllaryň aýaklarynda premýer-ministriň orunbasaryka Orsýetiň energiýa ylalaşyklaryna gözegçilik eden adam. Ol bu ylalaşygyň syýasy äheňlidigine ynanýar. Şertnamanyň hiç bir kemçiliginiň ýokdugyny, arassadygyny aýdýar. Ol: “Timoşenko bilen şertnama baglaşan Putin. Bu hem hemmelere düşnükli” diýýär.

“Bu ylalaşyk netijesinde Timoşenko türmä dykylsa, Putin özüni hem iru-giç biriniň şu iş sebäpli türme dykjagyna ynanýar. Meniň pikirimçe, bu meselede Timoşenko bilen Putiniň eden jenaýat işi ýok” diýip, Nemtsow aýdýar.

“Bu hereket ýurduň kanuna boýunlygyny gümana goýýar” diýip, Timaşenkonyň tutulmagyny Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi ýazgardy. Ýöne sudýa Rodion Kireýew onuň boşadylmagy üçin edilen haýyşlary duşenbe güni ret etdi.

Timoşenkonyň tarapdarlary polisiýa bilen çaknyşýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:40 0:00

Wideo: 5-nji awgustda Ukrainanyň sudy ýurduň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň tussag astyna alynmagyna höküm çykardy.

Syýasata girmezden öň düşewüntli söwda işinde bolan Timoşenko ozal hem ençeme gezek türmä düşdi. Nemtsowyň pikiriçe, Ýanokuwiçiň ony syýasy sahnadan çetleşdirmek üçin edýän tagallalary bütinleý ters netijäni-de berip biler. Sebäbi halk Timoşenkonyň tarapyny çalýar.

“Ol tussaghana düşdi diýip, adamlaryň ony ýekeje gezek hem unudan mahaly meniň ýadyma düşenok. Edil tersine, ol gaýtam bir syýasy direlişi başdan geçirýär. Semender ýaly bolup külden çykýar. Ýanukowiçiň öz edýän şübheli, bikanun işleri bilen ony ukrain halkynyň ýolbaşçysyna öwürjekdigi belli zat. Ony halamaýanlar-da - bu hem Ukrainanyň deň ýarysyndan az däl - indi oňa gynanýarlar” diýip, Nemtsow aýdýar.

Ýanukowiçe köplenç Orsýetiň tarapdary, Günbatara garşy adam diýlip garalyp gelindi. Emma ol birnäçe energiýa turbalarynyň kontrollygyny Moskwanyň eline bermedi. Ors dilini Ukrainada resmi dil derejesine ýetirmeli kanuny hem soňuna çenli alyp barmady.

Moskwanyň Timoşenkony goldamagyna köp adamlar Kremliň Ýanukowiçiň işinden närazylygynyň alamaty diýip düşünýärler. Ýöne Moskwada Karnegi merkeziniň analizçisi Maşa Lipmanyň pikiriçe, Kremliň 2012-nji ýylda Ukrainada geçjek prezidentlik saýlawlaryny göz öňünde tutýan bolmagy ähtimal.

“Orsýet Timoşenkony goldasa, ol hem öz ýurdunda syýasy goldawa eýe bolup, dalaşgär bolup çyksa, onda kyn gününde Orsýet tarapyndan goldanan bir adamynyň bolmagy Moskwa üçin gowy zat” diýip, Lipman belleýär.

Karnegi merkeziniň analizçisi Lipman: “Timoşenkony türmä dykmak bilen Ýanukowiçiň utjakdygy ýa utuljakdygy belli däl. Bu bir çynlakaý töwekgelçilik” diýýär.
XS
SM
MD
LG