Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda “Tiz kömek” merkezleri gurlar


Ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä, Türkmenistanda medisina kadrlaryny taýýarlamaklyga hem uly urgy edildi.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä, Türkmenistanda medisina kadrlaryny taýýarlamaklyga hem uly urgy edildi.

Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we Derman senagaty ministrligi paýtagt Aşgabatda we ýurduň ähli welaýatlarynda “Tiz kömek” merkezlerini proýektirlemek we gurmak boýunça tender yglan etdi. Tenderiň şertlerine görä, saglygy saklaýyş merkezleri häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylyp, Aşgabatdaky merkez 200, welaýatlarda guruljak merkezler bolsa 150 orunlyk bolmaly.

Türkmenistanda “Tiz kömek” merkezlerine, umuman aýdylanda tutuş medisina hyzmaty ulgamyna, ýurduň ozalky baştutany Saparmyrat Nyýazow döwründe berk zaba urlupdy. Bu barada aşgabatly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle gürrüň berdi: “[Nyýazow] on müň töweregi medisina işgärini işden boşatdy. Olaryň arasynda wraçlar, orta hünärli lukmanlar, şepagat uýalary hem bardy. Şeýle-de ýurtda tiz kömek hyzmatyna berilýän öňki üns bütinleý pese düşdi. Etrap ýerlerinde öňki köne ulagalar, ýene gaýry – öz wagtynda çalşyrylmady”.

Bugaýewiň pikirine görä, Türkmenistanda medisina kadrlaryny taýýarlamaklyga hem uly urgy edildi. Oňa mysal hökmünde medisina ugrundan okuwa girjekler, öňünden hökman medisina pudagynda iki ýyl iş tejribesini geçmeli edilendigini, şeýle-de Nyýazow tarapyndan Medisina ylymlar akademiýasynyň ýapylandygyny görkezdi.

Ýurduň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dört ýyl mundan ozal häkimiýet başyna geçende, beýleki reformalar bilen birlikde, ýurduň saglyk pudagyny özgertjekdigini wada berdi.

Soňky ýyllarda Aşgabatda, welaýatlarda, etrap merkezlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän keselhanalar, saglyk öýleri, keseli anyklaýyş merkezleri, “Ene mähri” hassahanalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýakyn günlerde Göz kesellerini bejeriş halkara merkeziniň we Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň açylyş dabarasy hem geçiriler.

Raýatlaryň arzy

Muňa garamazdan, ýurduň raýatlaryndan Azatlyk Radiosyna gelip gowuşýan maglumatlarda Türkmenistanda medisina ulgamynyň ýagdaýynyň juda gözgynydygy aýdylýar. Maglumatlara görä, ilatyň aglaba bölegi ýurtda edilýän medisina hyzmatlarynyň hilinden, lukmanlaryň hünär ussatlygyndan, tölegleriň bahasyndan we keselhanalardaky şertlerden nägile.

Ýurduň içinde, has hem oba ýerlerinde işsizlik we eli ýukalyk zerarly adamlaryň köpüsiniň tölegli saglyk hyzmatlaryny almaga gurby çatmaýar. Oba ýerlerindäki keselhanalaryň köpüsinde syrkawa ilkinji zerur kömegi bermek şertleriniň hem ýeterlik däldigi aýdylýar. Iň esasy bolsa, işine ussat medisina işgärleri ýetmezçilik edýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan raýatlar aýdýarlar.

Türkmenistdanda 10 ýyl çemesi işländen soň, ýurtdaky iň soňky programmasyny hem ýapmaga mejbur bolandygyny aýdýan “Serhetsiz lukmanlar” guramasy geçen ýyl türkmen saglygy saklaýyş sistemasy barada hasabat çap edipdi. Hasabatyň awtorlary Türkmenistanyň saglyk sistemasyndaky halkara standartlaryň esasan kagyz ýüzündedigini, ozalky saglyk ministri Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçeli bäri ýurt açylyşan ýaly bolsa-da, hakyky özgerişligiň bolup geçmändigini aýdýarlar.

“Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanda inçekesel, AIDS we jynsy gatnaşyk arkaly ýaýraýan ýokanç keseller baradaky maglumat hem gizlin saklanýar.

Emma resmi Aşgabat bu hasabaty prowokasiýa diýip atlandyrdy. Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylmagyna görä, Türkmenistanda ilata saglyk hyzmatyny etmegiň deňsiz we gowy ýola goýlan sistemasy bolup, ol sistema garaşsyzlyk ýyllarynda özüniň elýeterliligini we netijeligini iş ýüzünde subut edipdir.
XS
SM
MD
LG