Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Näme sebäpden Türkmenistanda internetiň hili ýaramaz?


Türkmenistan telekommunikasion hyzmatlary boýunça öňki Sowet giňişligine girýän ýurtlaryň arasynda iň yzda süýrenýäni diýlip, maglumat berilýär.
Türkmenistan telekommunikasion hyzmatlary boýunça öňki Sowet giňişligine girýän ýurtlaryň arasynda iň yzda süýrenýäni diýlip, maglumat berilýär.
Soňky geçirilen hökümet maslahatlarynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň işini tankytlap, ýurtda öýjükli aragatnaşyk we internet ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Bu tankydy belliklere garamazdan, ýurtda internetiň hili ýokarlanybermeýär. Muňa näme sebäp bolup biler?

Türkmenistanyň maliýe ulgamynda uzak wagtlap işlän, häzir Bolgariýada ýaşaýan ykdysatçy Annadurdy Hajyýew Türkmenistanda internetiň hiliniň pes bolmagynyň bir sebäbini bäsleşigiň ýoklugynda görýär.

Döwlet eýeçiliginde

2010-njy ýylyň dekabrynda iki ýarym milliona golaý müşderisi bolan MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi bes edilensoň, ýurtda ilaty mobil aragatnaşygy hem internet bilen üpjün edýän “Altyn asyr” oýjükli aragatnaşyk kärhanasy we “Türkmentelekom” ýaly döwlete degişli kärhanalar galdy. Olaryň işinden bolsa diňe Türkmenistanyň raýatlary däl, eýse ýurduň prezidentiniň özi hem nägilelik bildirýär.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda internetiň hiliniň pesligine näme sebäp boldy diýen sowal bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine jaň etdi. Ýöne ne bu ministrligiň telefonlary ne-de “Altyn asyr” oýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň telefonlary jogap berdi.

2007-nji ýylda saýlawlaryň öňüsyrasynda geçirilen saýlaw kampaniýasynda Berdimuhamedow interneti her bir raýata elýaterli etmegi wada beripdi. 2010-njy ýylyň ahyryna çenli prezident bu wadasyny berjaý edene meňzedi. Ýagny, Türkmenistanda internetden peýdalanýanlaryň sany hut 2007-nji ýyldan başlap ýokarlandy.

ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň we beýleki halkara guramalaryň berýän maglumatlaryna görä, 2000-nji ýylda Türkmenistanyň 5 milliona golaý ilatyndan diňe iki müň adama internet elýeterli bolan bolsa, 2007-nji ýylda bu san 65 müňe çenli ýokarlanypdyr. 2010-nji ýylda bolsa bu görleziji has hem ýokarlandy diýip, ýerli çeşmeler aýdýarlar.

“Miniwatts” marketing toparyna degişli internet hem telekomunikasiýa boýunça “Internetworldstats” saýtynyň berýän maglumatyna görä, Türkmenistan telekommunikasion hyzmatlary boýunça öňki Sowet giňişligine girýän ýurtlaryň arasynda iň yzda süýrenýänidir. Muňa hususy pudagyň haýal ösmegi, häkimiýetleriň ykdysadyýete berk gözegçilik etmegi sebäp bolýar diýlip, bu maglumatda bellenilýär.

Senzura

Ykdysatçy Hajyýewiň pikiriçe, Türkmenistanda häkimiýet başyndakylaryň özleri internetiň hilini gowulandyryp, onuň ilata elýeterli bolmagyny islemeýärler. “Internet, adamlaryň nirededigine garamazdan, olara pikirini erkin beýan etmäge mümkinçilik döredýär. Häkimiýetleriň ýaşryn saklamaga synanyşýan maglumatlaryny ýaýratmaga ýol açýar. Abadanda bolan wakalar internetiň bu tarapyny ýene bir gezek görkezdi” diýip, ykdysatçy hut şeýle sebäplere görä, şeýle hem arap ýurtlaryndaky ýagdaýy göz öňünde tutup, türkmen resmileriniň internetiň raýatlara elýeterli bolmagyndan howatyrlanýandyklaryny aýdýar.

Hajyýew 2012-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmeli prezidentlik saýlawlary döwründe hakimiýet başyndakylaryň islemeýän maglumatlary ýurduň daşyna çykmaz ýaly internetiň köp saýtlarynyň petiklenjekdigini çaklaýar. Şeýle hem ol prezidentiň telekommunikasiýa ulgamyndaky kemçilikleri gysga wagtda aradan aýyrmagy tabşyrmagy “ilata boş wada berip ýaranjak bolýan syýasatçylaryň populistik usulyna çalym edýär” diýen pikirde.

Şu ýylyň mart aýynda düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Türkmenistan bilen Özbegistany internetiň duşmanlary diýip atlandyrdy. Guramanyň ýyllyk hasabatynda dünýäde güýçli senzuranyň höküm sürýän döwletleriniň hataryna Türkmenistan bilen bir hatarda Hytaý, Eýran, Demirgazyk Koreýa, Saud Arabystany, Siriýa, Kuba, Özbegistan we Mýanmar ýaly demokratik gymmatlyklary äsgermeýän ýurtlar goşulypdy.
XS
SM
MD
LG