Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri we ors prezidentleri Daglyk-Garabagy maslahatlaşdy


9-njy awgustda Azerbaýjanyň we Orsýetiň prezidentleri Soçi şäherinde duşuşyp, Daglyk-Garabag meselesi boýunça gepleşik geçirdiler.

Prezident Ylham Aliýew Azerbaýjanyň Daglyk-Garabag bilen bagly konfliktiň asuda ýol bilen çözülmeginiň tarapdarydygyny mälim etdi.

Şeýle hem prezident Aliýew Orsýetiň araçylyk etmeginde Ermenistan bilen geçirilen gepleşikleriň iki tarapyň hem pozisiýasynyň ýakynlaşmagyna täsir edendigini belledi.

Daglyk-Garabag konflikti bilen bagly mundan öňki gepleşikler iýun aýynyň ahyrynda Kazan şäherinde geçirilipdi. Emma bu gepleşiklerde konflikti asuda ýol bilen çözmek ugrundaky esasy prinsipler boýunça ylalaşyga gelinmedi.
XS
SM
MD
LG