Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz protestçileriniň talaplary ýerine ýetiriler


Gyrgyzystanyň premýer-ministri Almazbek Atambaýew Bişkek şäheriniň häkimi Isa Ömürkulowa käýinç yglan etdi. Muňa Ak Jar ilatly punktunyň ýaşaýjylarynyň proteste çykmagy sebäp boldy diýlip, habar berilýär.

Ak Jaryň ýaşaýjylary özlerine iň zerur bolan ýaşaýyş şertleriniň döredilmegini talap edip, ýollaryň birini petikläp protest geçirdiler.

Gyrgyzystanyň premýer-ministri iki günüň dowamynda bu meselä garap, ýaşaýjylaryň talabyny berjaý etmäge görkezme berdi.

Paýtagtyň etegindäki Ak-Jar ilatly punktunyň ýaşaýjylary ýaşaýan ýerlerinde özleriniň kanuny esasda hasaba alynmaklaryny hem-de infrastruktura ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagyny häkimiýetlerden talap etdiler.

Suw, elektrik togy we kanalizasiýa sistemasy bilen üpjün edilmedik bu ilatly punktda köp adamlar resmi taýdan registrasiýa edilmedik ýagdaýda birnäçe ýyl bäri ýaşap gelýärler.

Bu protestlerden soň häkimiýetler Ak Jary Bişkek şäherine goşup, raýatlaryň ýaşaýyş şertleri bilen bagly kynçylyklaryny çözmegi wada berdiler.
XS
SM
MD
LG