Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki azeri prezidenti 20 ýyldan soň ýurduna bardy


Azerbaýjanyň ilkinji prezidenti Aýaz Mutalibow 20 ýyl bosgunlykdan soň ýurduna bardy.

Azerbaýjan häkimiýetleri Moskwada ýaşaýan 73 ýaşly Aýaz Mutalibowa 49 ýaşynda rak keselinden ýogalan ogluny jaýlamak üçin ýurda girmäge rugsat berdiler.

1990-92-nji ýyllar aralygynda Azerbaýjana ýolbaşçylyk eden Mutalibow 1990-njy ýylyň ýanwar aýynda oppozisiýanyň gozgalaňyny rehimsizlik bilen basyp ýatyrmakda aýyplanýar.

Mutalibowyň azeri häkimiýetleri tarapyndan saklanyp, oňa garşy gozgalan jenaýat işi boýunça sud seljerişliginiň geçirilip-geçirilmejegi barada anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG