Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Siriýany gandöküşligi bes etmäge çagyrýar


9-njy awgustda Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly resmi sapar bilen Damaska bardy.

Bu saparynyň barşynda Türkiýäniň baş diplomaty Siriýanyň häkimiýetlerinden oppozisiýa garşy repressiýalary bes etmegi talap etdi.

Dawutogly Siriýanyň resmileri bilen alty sagatlap gepleşik geçirdi. Onuň prezident Başar al-Assad bilen iki sagatlap gürrüň edendigi habar berilýär.

Bu duşuşyklar barada häzirlikçe jikme-jik maglumat berilmeýär.

Muňa garamazdan, 9-njy awgustda Siriýanyň Türkiýe bilen araçäkde ýerleşýän raýonlarynda hökümet goşunlary tarapyndan 30-a golaý protestçiniň öldürilendigi habar berildi.

Geçen hepde Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan öz ýurdunyň Siriýadaky zorluga indiden beýläk biperwaý garap bilmejekdigini mälim edipdi.

Soňky iki häpdäniň dowamynda Siriýada ýüzlerçe adamyň heläk bolandygy çak edilýär.

Mundan öň Arap döwletleriniň Ligasy hem Siriýanyň prezidentini zorlugy bes etmäge çagyrypdy.

Pars aýlagynda ýerleşýän ýurtlaryň käbirleri Siriýadaky ilçilerini yzyna çagyrdylar.

Siriýanyň resmileri zorlugyň ýüze çykmagynda ýurduň içindäki “ýaraglanan toparlary” aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG