Sepleriň elýeterliligi

Assad ýaramaz goňşy bolup çykdy


Protestçiler Latakiýanyň köçelerinde, 2011-nji ýylyň awgust aýy.

Protestçiler Latakiýanyň köçelerinde, 2011-nji ýylyň awgust aýy.

Musulman ýurtlarynda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň düzgüniniň hereketlerine garşy tankydy pikirler ýumruk ýassygyna öwrüldi. Gandöküşikligi togtatmaga çagyryş bilen Arap döwletleriniň Ligasy, şonuň ýaly-da, Saud Arabystany, Kuweýt, Bahreýn we Türkiýe çykyş etdi. Muňa seretmezden, hökümet goşunlarynyň diýdimzorlugy dowam edýär.

Arap döwletleriniň nägileligine hökümet goşunlary tarapyndan Siriýanyň iri şäherlerinde parahatçylykly ýörişleriň yzygiderli ýatyrylmagy sebäp boldy. Diňe geçen hepdäniň dowamynda 300 adamyň ganyna galyndy. Arap döwletleriniň ligasy beýanat çykardy. Onda Siriýadaky ýagdaý “alada döredýär” we “sütemleri günübirin togtatmaly” diýlip aýdylýar.

Arap döwletleriniň Ligasynyň şu beýanatyndan soň, Saud Arabystany maslahatlaşmak maksady bilen özüniň Damaskdaky ilçisini yzyna çagyrdy. “Al-Arabiýa” telekanaly boýunça çykyş etmek bilen Saud Arabystanynyň patyşasy Abdalla Siriýa bilen baglanyşykly gatnaşyklara ünsi çekip, ilçiniň yzyna çagyrylmagyny “taryhy waka” diýip atlandyrdy. Patyşa gandöküşikligi bes etmäge hem-de munuň soňy barada, ýurduň geljegi hakda oýlanmaga çagyrdy:

—Siriýanyň häkimiýetleri çalt we hemme taraplaýyn reformalary geçirmäge ukyply. Siriýanyň paýhasly ýoly saýlamaga mümkinçiligi bar, ýogsa-da ýurt bulam-bujarlygyň we tertipsizligiň girdabyna çolaşyp biler.

Synçylar patyşa Abdallanyň şunuň ýaly çykyşyndan soň Assad ozalkysyndanam beter çetleşdirilmä sezewar ediler diýip hasaplaýarlar. Emma mundan birnäçe aý ozal Saud Arabystany hökümete garşy çykyşlary basyp ýatyrmak üçin Bahreýne öz goşunlaryny iberipdi, şonuň ýaly-da, Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubaregiň suda berilmegi baradaky karary tankyt edipdi.

Duşenbe güni Siriýada demonstrasiýalary basyp ýatyrmak boýunça hökümetiň alyp barýan çäreleriniň barşynda Kuweýt bilen Bahreýn hem özleriniň Siriýadaky ilçilerini yzyna çagyrdylar. Kuweýtiň daşary işler ministri Şeýh Mohammed al-Sabah Siriýadaky gandöküşikli wakalar bilen hiç kimiň ylalaşyp bilmejekdigini aýdyp, öz ilçileriniň bu ýagdaýlar bilen baglanyşykly konsultasiýa çagyrylandygyny mälim etdi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu (sagda) Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşuşýar, Damask, 9-njy awgust.
Siriýa häkimiýetleriniň hereketini Türkiýe-de ýazgardy. Ýekşenbe güni premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan öz ýurdunyň “sabyr-käsesiniň püre-pür bolandygyny we serhetleşýän döwletindäki bolup geçýän zatlary mundan beýläk diňe daşyndan synlap durup bilmejekdigini” aýdypdy. Habary sişenbe güni Damaska baran Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu gowşurdy.

BMG-niň baştutany Ban Ki-mun hem parahatçylykly ýörişe gatnaşyjylaryň garşysyna harby güýjüň ulanylmagyny bes etmäge çagyrdy. Ol Siriýanyň prezidenti bilen telefon arkaly gürrüňdeş bolanynda ondan ynsanperwer guramalara kömek bermäge girişmäge rugsat bermegini haýyş etdi.

Muňa garamazdan, Siriýanyň baştutany “Hökümet reformalara girişdi” diýip, tekrarlamagyny dowam edýär. Assad bar günäni “ýaragly terrorçy toparlaryň” üstüne ýükleýär, harbylaryň-da asuda ilaty şolardan goraýandygyny aýdýar.

“7-nji awgustda Gün ýaşandan soň protestçileriň müňlerçesi Damaskyň, Hamanyň, Alepponyň, Latakiýanyň köçelerine çykdy” diýip, siriýaly aktiwistleriň topary habar berýär, bu topar protestleriň guramaçylary bolup çykyş etmek we pidalaryň hasabyny ýöretmek bilen meşgullanýar. Olaryň maglumatlaryna görä, diňe 7-nji awgustda Siriýanyň gündogar we merkezi çäginde 80 adam heläk bolupdyr, şolardan 50-si Siriýa häkimiýetleriniň Deýr-ez-Zur şäherinde başlanan harby hereketi mahaly öldürilipdir. 9-njy awgustda bolsa Siriýanyň Türkiýe bilen araçäkde ýerleşýän raýonlarynda hökümet goşunlary tarapyndan 30-a golaý protestçiniň öldürilendigi habar berildi.

Habar beriş serişdeleri pidalaryň sanyny juda azaldyp görkezýär, ýöne häzire çenli bu maglumatlary tassyklamak mümkin däl. Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň žurnalistlerine Siriýa barmak gadagan.

Siriýadaky wakalara musulman dünýäsiniň garaýşy barada Ýakyn Gündogar boýunça belli orsýetli ekspert, “Время новостей” gazetiniň halkara synçysy Ýelena Suponina Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda teswir berýär.

— Arap döwletleri Siriýanyň prezidenti Başar Al-Assad herhal wada beren reformalaryny durmuşa geçirer diýen umyt bilen uzak wagtlap dymyp gezdiler. Çünki ol gaty köp wadalar beripdi, Orsýet hem muňa bil baglady, hemmeler onuň beren wadalaryny “Haçan durmuşa geçirerkä?” diýip garaşdylar. Ýöne bu zatlara müňkürlik edýän kişiler mamla bolup çykdy. Olar Siriýanyň prezidenti ýagdaýy öz eline alyp biljek liderleriň derejesindäki adam däl diýip düşünýärdiler. Häzirki bolup geçýän wakalar onuň syýasy lider hökmünde ejizliginiň alamatydyr. Türkiýe üçin Siriýada bolup geçýän wakalar has wajypdyr, sebäbi Siriýa onuň ýakyn goňşusy. Mundan birnäçe hepde ozal Türkiýe özüniň howpsuz ara zolagyny döretmäge ýagdaýynyň bardygyny habar berdi. Şol arazolagyň Siriýanyň territoriýasynyň bir bölegini-de öz içine almagy mümkin. Türkiýäniň metbugatynda peýda bolan şeýle habarlary Siriýanyň häkimiýetleri örän janyýangynlylyk bilen kabul etdiler. Türkler öz ýurdunda Siriýanyň oppozisiýasyny penalaýarlar. Ýöne olaryň diplomatiýany-da goldan bermeýändiklerini hakykatyň hatyrasyna aýtmak gerek: olar Siriýadaky häzirki düzgün bilenem gatnaşyklary saklamaga çalyşýarlar, indi gan döküp oturmagyň manysyz bir zada öwrülendigini Siriýanyň ýolbaşçylaryna düşündirmek üçin Damaska barýarlar. Gandöküşiklik tutuş musulman dünýäsiniň kakynyny tutdurýar. Bu ýagdaýa diňe Eýran hiç hili baş galdyranok, munuňam esasy sebäbi soňky ýyllarda Siriýanyň Eýranyň soýuzdaşy bolmagydy. Onsoňam, Siriýadaky pajygalaryň ähli musulman üçin mukaddes saýylýan remezan aýynda-da togtamazlygy has-da ynjalykdan gaçyrýar. Dogrusy, şu aýda Siriýanyň oppozisiýasy-da çykyşlaryny güreltdi. Olar metjitleriň häkimiýete garşy meýilleriň ojagyna öwrülýändiginden peýdalanýarlar. Ýöne pidalar — Siriýa goşunlarynyň hereketleriniň netijesi. Muny tutuş musulman dünýäsi dine şek ýetirmek hasaplaýar. Şeýle bolansoň, Saud Arabystanynyň patyşasy uzak dymyp gezip bilmedi, sebäbi saudlylar: “Nämedir bir zat etmeli” diýýärler.

Şu meselede Türkiýäniň häkimiýetleri özleriniň siriýaly goňşularyna gandöküşiklikden saklanmagy haýyş edip, birnäçe sapar ýüz tutdular. Ýöne Başar al-Assad we onuň töweregindäkiler diňe bir reformalar bilen ýagdaýy köşeşdirip bolmajagyna, häkimiýeti-de ellerinde saklap bilmejekdiklerine göz ýetirene meňzeýär. Güýç ulanmak ýoly herekete girizilensoň, saklanmak juda çylşyrymly bolýar. Eýýäm gan döküldi. Eýýäm iki tarapdan ar alyşlyk başlandy. Şu gidişine gitse, Siriýa iňňän hatarly oýna çolaşar. Bularyň barysy günbatar ýurtlaryna, Orsýete-de täsirini ýetirer. Orsýet Siriýada bolup geçýän wakalara iňňän seresap garaýar. Häzir Siriýadaky gandöküşiklik üçin musulman dünýäsiniň gahar-gazaba münen çagy Orsýetiň dikdüşdülik bilen seresapsyramagy örän geň-taň görünýär — diýip, Ýelena Suponina sözüni jemledi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG