Sepleriň elýeterliligi

Türkmen wise-premýeri tatar prezidenti bilen duşuşdy


Sişenbe güni Tatarystan respublikasyna sapar edýän Türkmenistanyň wise-premýeri Nazarguly Şagulyýew Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow bilen gepleşik geçirdi.

Kazan köşgünde geçen bu duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Tatarystan respublikasynyň hyzmatdaşlyklarynyň dürli ugurlary barada maslahat etdiler.

“TurkmenistanRu” internet gazeti bu duşuşykda Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanowyň medeniýet, dil we dini taýdan birek-birege ýakyn duran Tatarystan bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlyklarynda uly potensialyň bardygyny belländigini habar berýär.

Maglumatda köpsanly beýleki meseleler bilen bir hatarda bu duşuşykda Kazan bilen Aşgabadyň aralygynda göni howa ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmak meselesiniň-de gozgalandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG