Sepleriň elýeterliligi

Öňki gyrgyz ministri öý tussaglygyna geçirildi


Sişenbe güni Gyrgyzystanyň ozalky goranmak ministri Bakytbek Kalyýew saglyk ýagdaýy sebäpli wagtlaýyn izolýatordan öý tussaglygyna geçirildi.

Bakytbek Kalyýew geçen ýylyň 7-nji aprelinde onlarça protestçiniň ölümine getiren wakalarda aýyplanyp jenaýat jogapkärçiligine çekilen 28 sany resmiden biri.

45 ýaşly Bakytbek Kalyýewe parahat demonstrasiýaçylara garşy ýarag ulanmaklyga görkezme berenlikde aýyplama bildirilýär. Şol gürrüňi edilýän wakada 100-e golaý adam ölüp, ýüzlerçe adam ýaralanypdy.

Bakytbek Kalyýewiň aklawçysy onuň häzirki wagt süýjikeselden we ýürek keselinden ejir çekýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG