Sepleriň elýeterliligi

Britaniýada köpçülikleýin bulagaýçylyklar dowam etdi


Sişenbe güni Britaniýanyň birnäçe şäherinde köpçülikleýin bulagaýçylyklar ýene dowam etdi.

Hususan-da, ýurdun Mançester, Liwerpul, West Bromwiç, Wolwerhampton we Nottingam şäherlerinde bulagaýçy ýaşlaryň toparlary ýene nobatdaky gezek ýykan-ýumrançylyklary döretdiler.

Emma paýtagt Londonda öten agşam ýagdaý ozalkylardan birneme kadalaşdy. Londonda polisiýa işgärleriniň 16 müňüsi nobatdaky bulagaýçylyklaryň öňüni almak maksady bilen berk gözegçilik alyp bardy.

Soňky dört günüň dowamynda Britaniýanyň ençeme şäherinde, aýratynam paýtagt Londonda köçä çykan ýaşlaryň bir topary dükanlaryň aýnalaryny döwüp, harytlary taladylar, emläkleri oda ýakdylar we polisiýa işgärlerine garşy daş zyňyp, hüjüm etdiler.

Şu günki güne çenli bu bulagaýçylyklar bilen baglanyşykly 500-den gowrak adamyň tussag edilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG