Sepleriň elýeterliligi

Siriýada 30 töweregi adamyň öldürilendigi aýdylýar


Sişenbe güni siriýaly aktiwistler Türkiýe bilen serhet ýakadaky ilatly punktlarda protestçilere garşy hökümet güýçleriniň ýarag ulanmaklary netijesinde nobatdaky gezek 30 töweregi adamyň ölendigini habar berdiler.

Ýerli aktiwistler bu wakalarda hökümet güýçleriniň parahat ilata garşy tanklar we bronetransportýorlar bilen-de hüjüm edendiklerini aýdýarlar.

Bu wakalaryň fonunda düýn Siriýa sapara baran Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu Siriýanyň ýokary derejeli hökümet resmileri, şol sanda, ýurduň prezidenti Başar al-Assad bilen-de Siriýadaky gandöküşikli wakalar bilen baglanyşykly gepleşik geçirdi.

Ol bu gepleşiklerde Siriýanyň ýolbaşçylaryny parahat protestçilere garşy repressiw çäreleri ulanmaklygy bes etmäge çagyrdy.

Siriýaly aktiwistler soňky bäş aýa golaý wagt bäri ýurtda dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda azyndan 1 müň 700 töweregi adamyň öldürilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG