Sepleriň elýeterliligi

NATO Kaddafiniň hökümetiniň aýyplamalaryny ret edýär


Sişenbe güni NATO güýçleriniň resmileri Liwiýanyň günbataryndaky Zliten şäheriniň golaýynda NATO-nyň hüjümlerinde parahat ýaşaýjylaryň gyrlandygy baradaky maglumatlary ret etdiler.

Bu barada düýnki eden çykyşynda NATO güýçleriniň jogapkär resmisi polkownik Roland Lawoýe Liwiýanyň Zliten şäheriniň günortasynda Muammar Kaddafiniň režimine ygrarly toparlaryň ýerleşýän ýerlerine ýerlikli hüjüm edilendigini aýtdy.

Onuň bu çykyşynyň öňýany Liwiýanyň hökümetiniň metbugat sekretary Mussa Ibrahim ýurduň Zliten şäheriniň golaýynda NATO güýçleriniň geçiren howa hüjüminde 85 sany ýerli ýaşaýjynyň, şol sanda 33 çaganyň ölendigini aýdyp, çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG