Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan-Orsýet: goşa raýatlyga eýe bolanlar arada


Soňky döwürde türkmen raýatlarynyň ors pasportlaryndan el çekmegi bilen bagly pursatlaryň-da ýüze çykyp başlanlygy habar berilýär.
Soňky döwürde türkmen raýatlarynyň ors pasportlaryndan el çekmegi bilen bagly pursatlaryň-da ýüze çykyp başlanlygy habar berilýär.
Tomusda serhetlerden geçmek meselesiniň ähmiýeti hasam artýar. Kim dynç alşa, kim gazanjyň gözlegine, kim okuwa gidýär.

Türkmenistanyň daşyna çykýan adamlaryň sany we olaryň köplenç haýsy ýurtlara gidýänligi barada statistika ýok. Türkmen häkimiýetleri şeýle hasaby ýöredýän bolsalar-da, köpçüligiň dykgatyna ýetirmeýärler.

Orsýet Türkmenistanyň raýatlarynyň iň köp barýan ýurdy hasaplanýar.
Emma, käbir garaşsyz maglumatlara görä, Orsýet Türkmenistanyň raýatlarynyň iň köp barýan ýurdy hasaplanýar. On ýylyň dowamynda bu iki ýurduň arasynda goşa raýatlyk düzgüni dowam edip, raýatlaryň gatnawyny ýeňilleşdiripdi. 2003-nji ýylda bolsa goşa raýatlyk ylalaşygy ýatyryldy. Henize çenli ýurtlaryň bu ýagdaýa bolan resmi garaýyşlary çürt-kesik tapawutlanyp gelýär. Türkmenistan goşa raýatlygy bolan adamlaryň serhetden geçmegine täze düzgünleri girizýän bolsa, Orsýet türkmen raýatlaryna öz pasportlaryny bermegini dowam etdirýär.

Soňky döwürde türkmen raýatlarynyň ors pasportlaryndan el çekmegi bilen bagly ýagdaýlaryň-da ýüze çykyp başlandygy habar berilýär.

Azatlyk Radiosyndan Gözel Hudaýberdiýewa “Goşa raýatlyk baradaky” ylalaşygyň we onuň ýatyrylmagy bilen bagly häzirki düzgünleriň aýratynlyklary bilen gyzyklandy we türkmenistanly ýürist Ýewgeniý Greçuhin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý, şu günki gün iki ýurduň raýaty bolan adamlar Türkmenistandan Orsýete nähili gidýärler?

Ýewgeniý Greçuhin: Goşa raýatlygy bolan adamlar, ýagny 2003-nji ýylyň 22-nji iýunyndan soň Orsýet Federasiýasynyň raýatlygyny alanlar, Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsulhanasynda wiza almaly bolýarlar. Bahasy 10 dollara durýan bu 3 aýlyk wiza hemmä berilýär.

Azatlyk Radiosy: Ýurtlaryň arasyndaky goşa raýatlyk ylalaşygynyň ýatyrylmagynyň ors pasportyny 2003-nji ýyla çenli alan raýatlara uly bir täsir ýetirmän, olaryň serhetden päsgelsiz geçýänligi aýdylýar. Orsýetiň pasportyna 2003-nji ýyldan soň eýe bolan raýatlar serhetde nähili kynçylyklary çekýärler?

Ýewgeniý Greçuhin: Orsýetiň pasportyna 2003-nji ýylyň 22-nji iýunyndan soň eýe bolanlar serhetden geçende olaryň türkmen pasportynda Orsýetiň wizasy bolmaly, bolmasa olar döwlet serhedinden geçirilmeýär.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň wizasy goşa raýatlyga eýe bolanlaryň türkmen pasportlaryna basylýarmy?

Ýewgeniý Greçuhin: Hawa, Türkmenistanyň raýatynyň pasportyna.

Azatlyk Radiosy: Onda, diýmek, resmi taýdan Orsýetiň raýaty bolan we elinde Orsýetiň pasporty bolan adamlar Türkmenistandan Orsýete wizasyz baryp bilmeýärler, şeýlemi?

Ýewgeniý Greçuhin: Hawa, türkmen tarapy şeýle adamlardan wizany talap edýär. Bu ýerde bar mesele Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky 1993-nji ýylyň “Goşa raýatlyk baradaky” ylalaşygynyň güýjünde galyp-galmanlygyna degişli. Mälim bolşy ýaly, 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Moskwada iki ýurduň prezidentleri bu ylalaşygy togtatmak barada protokola gol çekipdi. Şondan soň türkmen tarapy ylalaşyk öz güýjüni ýitirdi diýip, hasap edýär. Orsýet tarapy bolsa bu meselä entek asla girişenok. Köpler Moskwada gol çekilen şol protokolyň iň soňky punktuny ünsden düşürýär. Şol punktda taraplaryň arasynda iň soňky dokumentler alşylandan soň, ylalaşyk öz güýjüni ýitirýär diýlip bellenýär. Meniň pikirimçe, şeýle dokumentler denonsasion hatlar bolmaly. Şeýlelikde ýurtlar birek-birege şeýle dokumentleri gowşurandan soň, ylalaşyk öz güýjüni ýitirdi diýip, hasaplap bolar.

Azatlyk Radiosy: Goşa raýatlyk ylalaşygyndan Türkmenistan birtaraplaýyn çykdy diýmek mümkinmi?

Ýewgeniý Greçuhin: Hawa, Türkmenistan ylalaşyk öz güýjüni ýitirdi diýip, hasap edýär. 2003-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisi “Goşa raýatlyk baradaky” ylalaşygyň ýatyrylmagy barada karar çykardy. Şol günüň özünde çap bolan prezidentiň permanynda goşa raýatlyga eýe bolan raýatlara diňe bir ýurduň raýatlygyny saýlap almak teklip edilipdi. Munuň üçin raýatlara 2003-nji ýylyň 22-nji iýunyna çenli möhlet berlipdi. Türkmen tarapy şol möhletden soň türkmen raýatlarynyň Orsýetiň raýatlygyny almaga hukugy ýok diýip, hasap edýär. Emma Orsýet Federasiýasynyň Türkmenistandaky konsulhanasy Orsýetiň raýatlygyny almak isleýän Türkmenistanyň raýatlaryndan şu günki güne çenli dokumentleri kabul edip gelýär we olara 6 aýyň dowamynda pasport berýär.

Azatlyk Radiosy: Soňky döwürde goşa raýatlygy bolan adamlaryň ors pasportlaryny yzyna gaýtarýan pursatlarynyň hem bolýanlygy aýdylýar. Siziň pikiriňizçe, bu ýagdaý Türkmenistanda täze daşary ýurt (syýahat) pasportlarynyň girizilmegi bilen bagly bolup bilermi?

Ýewgeniý Greçuhin: Hawa, bu esasy sebäp. Sebäbi geljekde ýurduň daşyna çykmak isleýänler Türkmenistanyň daşary ýurt pasportyna eýe bolmagyň zerurdygyna göz ýetirýärler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda täze pasportlaryň girizilmegi goşa raýatlyga eýe bolanlaryň ýurtdan çykmagyna geljekde nähili päsgelçilik döredip biler?

Ýewgeniý Greçuhin: Goşa raýatlyga eýe bolan adamlaryň serhetden geçmek boýunça ulanýan häzirki mümkinçilikleri uzaga çekmez. Bu 2013-nji ýylyň 11-nji iýulynda bes ediler. Sebäbi daşary ýurt pasporty girizilensoň, goşa raýatlyga eýe bolanlar hem elinde türkmen pasporty bolmasa, ýurtdan çykyp bilmezler.

Azatlyk Radiosy: Goşa raýatlyga eýe bolanlara Türkmenistanyň daşary ýurt pasportyny almaga näme päsgel berýär?

Ýewgeniý Greçuhin: Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň pasport bermekden ýüz öwürmegi.

Azatlyk Radiosy: Migrasiýa gullugy pasport bermekden resmi taýdan we kanun esasynda ýüz öwürýärmi?

Ýewgeniý Greçuhin: Ýok, diňe dilde “ýok” diýip, jogap berilýär. Emma olaryň bu jogabyny men bikanun hasap edýärin, sebäbi Türkmenistanyň kanunlarynda goşa raýatlyga eýe bolanlaryň hiç bir hak-hukuklarynyň çäklendirilmegi göz öňünde tutulmaýar.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanyň pozisiýasynda gapma-garşylyk görmeýärsiňizmi? Bir tarapdan türkmen hakimiýetleri “Goşa raýatlyk baradaky” kanunyň ýatyrylmagy ugrunda hereket edip gelýärler, başga bir tarapdan bolsa, Orsýetiň türkmenistanlylara öz raýatlygyny bermegini dowam etdirmegine göz ýumulýar.

Ýewgeniý Greçuhin: Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynda-da, DIM-inde hem häzirki ýagdaýa doly göz ýetirýän bilermenler bar. Emma olaryň Türkmenistan Orsýete protest bildirse, logika ters gelýän ýaňsyly bir ýagdaýyň ýüze çykjagyna gözleri ýetýär. Sebäbi Orsýet Federasiýasy kanunlaryň çäginde hereket edýär we öz raýatlygyny belli bir şertlerde berýär. Orsýet Federasiýasynyň Türkmenstanyň ýaşaýjysyna öz raýatlygyny bermegi üçin, bu adam 2002-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli Orsýetiň ýokary ýa orta professional okuw jaýyny tamamlan bolmaly ýa-da onuň Orsýetde pensiýa ýaşyna ýeten garry ene-atasynyň bolmagy zerur.
XS
SM
MD
LG