Sepleriň elýeterliligi

Dünýä maliýe bazary köşeşene meňzeýär


Aziýanyň maliýe biržalary hem çarşenbe güni öz iş gününe esasy aksiýalaryň bahasynyň ösmegi bilen başlady.

Aziýanyň maliýe biržalary hem çarşenbe güni öz iş gününe esasy aksiýalaryň bahasynyň ösmegi bilen başlady.

10-njy awgustda Aziýanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň fond biržalarynda Birleşen Ştatlaryň yz ýany esasy aksiýalaryň bahalary ýokarlandy. Muňa ABŞ-nyň Federal Rezerwiniň, ýagny Merkezi bankynyň ýene iki ýyllap karz göterimlerini iň pes derejede saklamak baradaky karary oňyn täsir ýetirdi.

Dünýäniň maliýe bazary, ABŞ-daky we ýewro zolagyndaky goşa krizis zerarly iki hepde dowam eden dartgynly ýagdaýdan soň, indi biraz köşeşene meňzeýär. 9-njy awgustda ABŞ-nyň Federal Rezerwiniň iki ýylyň dowamynda karz göterimini iň pes derejede saklamak baradaky karary ilki “Wall Street” biržlaryna oňyn tasirini ýetirdi. Soňra bu habar dünýäniň beýleki bazarlaryna hem täsir edip, aksiýalaryň bahasy ösüp başlady.

9-njy awgustda Nýu-Ýorkda ýurduň senagatynyň ösüş derejesini görkezýän “Dow Jones” indeksi takmynan 4% ýokarlandy. Halk hojalygynyň has giň pudagynyň görkezijisi bolan S&P 500 indeksi bolsa 5% ösdi, tehniki ösüşiň indikatory bolan NASDAQ indeksi 5,3% ýokarlandy.

Aziýanyň maliýe biržalary hem çarşenbe güni öz iş gününe esasy aksiýalaryň bahasynyň ösmegi bilen başlady. Şeýdip, bu biržalarda geçen günleriň dowamynda indeksleriň peselmegi sebäpli köýen serişdeleriň öwezi azda-kände dolduryldy.

Nýu-Ýorkda aksiýalaryň bahalarynyň ösmegi Awstraliýanyň maliýe biržasyna hem oňyn täsir etdi. Bu ýerde esasy aksiýalaryň bahasy 5,5% ýokarlandy. Şeýle-de ABŞ-nyň kredit ygtybarlylygynyň peseldilmegi we ýewro zonasynda sowulmaýan bergi krizisi sebäpli galagopluga düşen Ýakyn Gündogaryň we Orsýetiň maliýe bazarlarynda ösüş peýda boldy.

Wagtlaýyn bolmagy mümkin

Ýöne, käbir bilermenleriň pikiriçe, bu ösüşiň wagtlaýyn bolmagy mümkin. Şeýle pikir edýän analitikleriň biri-de Şotlandiýanyň Patşalyk Bankynyň baş ykdysatçysy Ýunko Nişioka. Ol şeýle diýýär: “Meniň pikirimçe, maliýe bazarynyň häzirki reaksiýasynyň wagtlaýyn bolmagy mümkin. Sebäbi häzir global ykdysady çökgünligiň alamatlary görnüp dur. Meniň aýtjak bolýan zadym, häzir dünýä ykdysadyýeti ösen ýurtlaryň kämil bolmadyk maliýe-kredit sistemasyna daýanýar. Hakykatda bolsa, dünýä ykdysadyýeti global taýdan çökgünlige batyp barýar”.

Şeýle hem bilermen Nişioka ABŞ-nyň Federal Rezerwiniň ýene iki ýylyň dowamynda karz göterimini iň pes derejede saklamak baradaky kararyndan soň, dünýäniň beýleki walýutalarynyň dollara bolan gatnaşygynyň ýokarlanmagynyň mümkindigini çaklaýar. Dollaryň hümmetiniň beýleki walýutalara garanda pese düşmegi bolsa, beýleki ýurtlaryň eksporta çykarýan harytlarynyň bahasyny ýokarlandyryp, eksporty olara bähbitsiz zada öwürmegi ahmal.

“ABŞ-nyň Federal Rezerwiniň 9-njy awgustdaky karary dollar bilen ýen gatnaşygyna täsir eder. Ýagny, dollaryň hümmeti ýene garanda pese düşmegini dowam etdirer. Bu bolsa Ýaponiýanyň ykdysadyýetiniň goşmaça kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolamagynyň mümkindigini aňladýar” diýip, şotlandiýaly ykdysatçy Nişioka aýdýar.

Awgust aýynyň başyndan dünýäniň maliýe bazaryndaky esasy indeksler pese düşdi. Muňa ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň nobatdaky çökgünlige uçramagy babatdaky aladalar, ýewro zolagyna girýän ýurtlaryň yzly-yzyna bergä batmak bilen bagly kynçylyklary sebäp boldy.

Awstraliýanyň Sidneý şäherinden IG Markets guramasynyň analitigi Ben Potter bolsa maliýe bazarynyň häzirki ösüşine gaty pozitiw garaýandygyny aýdýar. “Emma bu ösüşiň näçe wagt dowam etjekdigi belli däl. Sebäbi häzirki ösüşiň durnuksyz bazaryň ýagdaýa wagtlaýyn reaksiýasydygyna inwestorlaryň köpüsi düşünerler” diýip, Potter belleýär.
XS
SM
MD
LG