Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owgan polisiýasy bilen NATO esgerleri atyşdy


Owganystanda 10-njy awgustda gije owgan polisiýasy bilen NATO-nyň ýaranlyk güýçleriniň arasynda ýalňyşlyk bilen iki gezek ok atyşyk boldy.

Waka netijesinde owgan polisiýasyndan dört adamyň heläk bolup, ýene dördüsiniň ýaralanandygy habar berilýär.

Bu waka iki tarapyň ýalňyşyp, biri-birini pitneçi diýip hasaplamagynyň netijesinde ýüze çykypdyr.

Haýsy tarapyň ok atyp başlandygy entek belli däl. Bu waka boýunça derňew geçirilýär.
XS
SM
MD
LG