Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkekde belarus ilçihanasynyň golaýynda piket geçirildi


Bişkekde hukuk goraýjy aktiwistler Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň ýurda gaýtarylmagyny talap edip, belarus ilçihanasynyň ýanynda protest geçirdiler.

Aktiwistleriň “Ýedinji aprel” atly hereketiniň agzalary Bişkekde ýerleşýän Belarusyň ilçihanasynyň golaýynda iki sagatlap el çarpyşdylar.

Bu hereketiň liderleriniň biri Ondoruş Toktonasyrowyň aýtmagyna görä, aktiwistler belarus režimine garşy göreşýän oppozisiýa hem raýdaşlyk bildiripdirler.

2010-njy ýylyň aprel aýynda bolan hökümet agdarylşygyndan soň, Kurmanbek Bakyýew Aleksandr Lukaşenkonyň çakylygy bilen Belarusa barypdy, ol häzir hem şol ýerde ýaşaýar.

Gyrgyzystanda bolsa Bakyýewe we onuň 27 ýaranyna garşy sud prosesi geçirilýär. Olar aprel wakalarynda köçä çykan ýüze golaý adamy öldürmekde aýyplanýarlar.
XS
SM
MD
LG