Sepleriň elýeterliligi

Bişkegiň merkezinde inkassator maşyny talandy


10-njy awgustda Bişkegiň merkezinde gyrgyz poçtasynyň inkassator maşynyna hüjüm edilip, köp möçberde pul serişdeleri ogurlandy.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň aýtmagyna görä, iki sany howpsuzlyk işgäri 230 müň dollar möçberindäki puly ogurlap, ýitirim bolupdyrlar.

Ýerli wagt bilen ir sagat 11.45-de Almata we Frunze köçeleriniň çatrygynda bolan hüjüme gatnaşanlaryň biriniň 29 ýaşly Ulan Ýusupowdygy aýdylýar.

Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy bu waka bilen bagly derňew geçirýär.

Howpsuzlyk işgärleriniň ikisi hem hususy howpsuzlyk edarasy üçin işleýän eken. Ogurlanan pullar poçta edarasyna degişli.
XS
SM
MD
LG