Sepleriň elýeterliligi

Gyzyl Haç: medisina işgärlerine garşy hüjümler artýar


Halkara Gyzyl Haç komiteti ýaragly konfliktler dowam edýän ýerlerde medisina işgärlerine garşy hüjümleriň artmagy bilen bagly alada bildirdi.

Bu mesele bilen bagly ýaýradylan hasabatda medisina işgärlerine garşy hüjüm amala aşyrylan 16 ýurduň sanawy getirilýär. Olaryň arasynda Liwiýa, Somali we Owganystan ýaly ýurtlar bar.

Halkara Gyzyl Haç guramasynyň baş direktory Iwa Dakkorda medisina işgärlerine garşy amala aşyrylýan hüjümleriň halkara kanunçylygyny bozýandygyny aýdyp, şeýle hereketleriň netijesinde kömege mätäç millionlarça adamyň medisina hyzmatyndan mahrum bolup galýandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG