Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tatarystan türkmen ýaşlaryny okatmaga taýýar


Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow türkmen ýaşlaryny öz ýurdunda okatmaga taýýardygyny mälim etdi.

Tatar prezidenti bu barada Türkmenistanyň wise-premýeri Nazarguly Şagulyýew bilen Kazanda geçiren duşuşygynda aýtdy diýip, “TurkmenistanRu” habar berýär.

Minnihanowyň aýtmagyna görä, häzir iki ýurduň Ylymlar akademiýasy özara hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygy taýýarlaýarlar.

Kazanda türkmen spesialistleriniň hünärini kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki merkeziň açylmagynyň hem planlaşdyrylýandygy aýdylýar.

Göz öňünde tutlýan bu merkez türkmenistanlylary Tatarystanyň we Orsýetiň ýokary okuw jaýlaryna ibermek bilen meşgullanmaly.

“Tatar-inform” neşirine salgylanylyp berlen maglumata görä, tatar prezidenti türkmen sportçylaryny hem Kazanda geçiriljek dürli sport bäsleşiklerine aktiw gatnaşmaga çagyrypdyr.
XS
SM
MD
LG