Sepleriň elýeterliligi

Londonda 800-e golaý adam tussag astyna alyndy


Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron ýaş bulagaýçylaryň ýykan-ýumrançylygyny bes etmekde britan hökümetiniň elinden gelenini etjekdigini aýtdy.

“Ýurtda dowam edýan zorluk kabul ederlikli dal, ol bes edilmeli. Biz köçelerimizde gorky faktorynyň bolmagyna ýol bermeris” diýip, Kameron nygtady.

Soňky birnäçe günüň dowamynda Britaniýanyň ençeme şäherlerinde köçä çykan ýaşlar topary dükanlaryň aýnalaryny döwüp, harytlary taladylar, polisiýa işgärlerine hüjüm etdiler.

Britaniýada bolup geçýan bu wakalar soňky 30 ýylyň dowamynda ýüze çykan iň ýaramaz bulagaýçylyk hasaplanýar.

Premýer-ministriň aýtmagyna görä, polisiýa zerur bolan halatynda bulagaýçylara garşy zarply suw pürküş çärelerini hem ulanyp biler.

Geçen gije ýurduň Mançester, Birmingam ýaly şäherlerinde bulagaýçy ýaşlar ýene ýykan-ýumrançylyklary döretdiler.

Emma müňlerçe polisiýa işgärleri tarapyndan gözegçilik edilen paýtagt Londonda geçen agşam ýagdaý ozalkylardan birneme kadalaşdy.

Geçen ýekşenbe güni başlanan bulagaýçylyklary gurnanlykda aýyplanyp, Britaniýada ýüzlerçe adam tussag edildi. Diňe Londonyň özünde 800-e golaý bulagaýçynyň tussag astyna alnandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG