Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Azyk önümleriniň bahasy ýokarlanýar


Aşgabadyň bazarynda azyk önümleriniň bahalary, 2011-nji ýylyň awgust aýy.

Aşgabadyň bazarynda azyk önümleriniň bahalary, 2011-nji ýylyň awgust aýy.

Soňky ýarym ýyllykda Türkmenistanyň bazarlarynda azyk önümleriniň bahasynyň aşa ýokarlanýandygyna döwlet ýolbaşçylary hem doly göz ýetiren bolsalar gerek. Soňky geçirilýän döwlet maslahatlarynda bu barada aýratyn durlup geçilýär.

Aşgabatly ýaşaýjy, 50 ýaşly işçi Wepa azyk önümleriniň bahasynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň sebäpleriniň degişli ýolbaşçylar tarapyndan oba hojalygyna geregiçe üns berilmeýändiginden gelip çykýandygyny aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, oba hojalygynda esasy ekin bolan pagta hem-de bugdaýa üns berlip, gök we bakja ekin önümlerine geregiçe üns berilmeýär.

Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynyň çäklerinde gök we bakja ekinlerini ekýän ýöriteleşdirilen hojalyklar düýpgöter azaldy. Şäheriň golaýlaryndaky ekin meýdanlarynyň gurluşyk meýdançalaryna öwrülmegi bilen şähere gök önümler esasan welaýatdyr etraplardan getirilýär.

Ýurtda ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagy hem nyrhlara az täsir etmän durmady. Hususy awtoulaglara berilýän mugt benzin diňe hojalygyň zeruryýetine ýetýär. Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan gök önümleri paýtagta getirýän telekeçiler üçin awtoulaglaryň benzini öňküden gymmada düşýär.

Ýurduň beýleki sebitlerinde gök önümler elýeter bahadan bolsa-da, Aşgabat şäherinde juda özüni oňarýan maşgala bolaýmasa, sosial taýdan hal-ýagdaýy pes maşgalalara gök önümlerden doýa garna iýmek hem başardyp durmaýar.

Wepanyň pikiriçe, azyk önümleriniň nyrhlaryny berk gözegçilikde saklamak barada döwlet baştutanynyň berýän görkezmeleri ýerine düşýän görkezme däl:

— Bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde daýhan öz öndüren önümine, onuň düşýän gymmatyna görä nyrh kesip biler. Eger-de ilatyň arzan önüm bilen üpjün edilmeginiň aladasy ediljek bolsa, onda bazarlarda nyrhlara gözegçiligi güýçlendirmän, oba hojalygynda gök we bakja ekinlerini, miweleriň öndürilişini artdyryp, galla hasyly ýygnalandan soň, güýzlük bugdaý ekilýänçä aralyk gök we bakja ekinlerini ekmäge daýhanlara mümkinçilik döretmeli. Munuň üçin bolsa tehnika, suw, dökün meseleleri daýhanlar üçin hiç bir bökdençlik döretmeli däl – diýip, Wepa aýdýar.

Bazarlarda diňe bir gök önümler, miweler däl, eýsem, et-süýt önümleriniň bahalary hem yzygiderli ýokarlanýar. Ýerli synçylaryň pikiriçe, et-süýt önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy hem ekin dolanyşygy bilen doly baglanyşykly. Ot-iým bazasy geregiçe ýola goýulsa, galladan önýän kombinirlenen iýmleriň, sarunyň bahasy arzanlasa, maldarçylyk önümleri hem öz-özünden pese gaçar.


Şu günler gök önümleriň bahasynyň iň bir elýeter döwri bolmaly bolsa-da, bazarlarda almanyň 1 kilosy 5 manatdan 10 manada çenli, üzümiň bir kilosy 4-5 manat, gawunyň ortaça bahasy 5 manat, garpyzyň ortaça bahasy 3-4 manat, bir bogmak ukropdyr-petruşkanyň bahasy 1 manat. Şondan hem beýleki önümleriň nyrhlaryny göz öňüne getirmek mümin.

Söwda we hyzmat ediş ulgamyndaky edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigi hem-de azyk harytlarynyň esasy görnüşleri boýunça nyrhlary emele getirmegiň meselesine berk gözegçilik edilýändigi barada degişli wise-premýer döwlet baştutanyna her maslahatda hasabat berýär.

Wepa bolsa bazarlarda arassaçylygyň oňat ýola goýlandygyny, emma gözegçilik hernäçe güýçli bolsa-da, ilat üçin iň bir agyryly meselä — terezidir çeküw daşlaryna hiç bir gözegçiligiň ýokdugyny belleýär. Onuň aýtmagyna görä, satyjylar ýer pulunyň gymmatlygyndan, her bir satyjydan häli-şindi bazaryň zeruryýeti üçin diýen dürli bahanalar bilen pul ýygnalýandygyndan zeýrenýärler, şonuň üçin hem käbir satyjylar dürli hilegärlik bilen alyjylary çürkeýärler.

— Bahalara gözegçilik edeniň bilen 1 kilogramyň ýerine 700 gram önüm alyp gaýtsaň, alyjy üçin hiç bir ýeňillik ýok. Terezidir çeküw daşlaryna gözegçilik edilmeýändiginiň sebäplerini bazarlaryň ýolbaşçylaryndan sorap biljek gümanyň ýok. Soňky 2 aýyň dowamynda süňkli etiň bahasy 13 manada, jylka etiň bahasy 17 manada çykdy. Witrinalarda etiň bahasy “10 manat” diýlip ýazylgy bolsa-da, satyjylar alyjylara kilosy 10 manatdan daşynyň eti aýrylan süňkleri hödürleýärler - diýip, Wepa aýdýar.

2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygy boýunça işleýän kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň işgärleriniň aýlyklary, şeýle hem pensiýalar, döwletiň töleýän kömek pullary, stipendiýalar on göterim köpeler.

— Geljek ýylyň başynda aýlyklar on göterim galýança, bazarlardaky nyrhlar ýene iki esse galar, bazarlara gözegçilik etmeli diýildigi, öz-özüňi aldamak. Gözegçiligi aradan aýyrmak üçin oba hojalyk önümlerini ilatdan satyn alyp, onuň satuwyny dükanlarda döwletiň özi gurnasa, zerur bolan önümlere döwlet tarapyndan dotasiýa berilse, ýa bolmasa ilata gün-güzeran aýlar ýaly, geregiçe aýlyk-günlük bermegi ýola goýsalar, onda ilat üçin alada edildigi bolardy. Ilat arasynda işsizler, ýa bolmasa ujypsyz aýlyga bagly adamlar näçe diýseň ýeterlik - diýip, Wepa sözüni jemleýär.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG