Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow daşary işler ministri bilen duşuşdy


Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň daşary işler ministri Ýan Szeçi bilen Aşgabatda gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikde taraplar Türkmenistan bilen Hytaýyň hyzmatdaşlyklarynyň dürli ugurlary barada pikir alyşdylar.

Ýan Szeçiniň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli hytaý delegasiýasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn konsultasion gepleşiklere hem gatnaşdy.

Bu gepleşiklerde, esasan, prezident Berdimuhamedowyň ýakyn wagtlarda Hytaýa etjek saparyna degişli meseleleriň çäklerinde maslahat edildi.
XS
SM
MD
LG