Sepleriň elýeterliligi

Gazak aktiwistleri türmeleriň IIM-e geçirilmegine garşy


Çarşenbe güni gazagystanly ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler ýurduň türmelerine gözegçilik ediji Komitetiň Adalat ministrliginiň garamagyndan Içeri işler ministrliginiň garamagyna geçirilmelidigi barada kabul edilen karary tankyt etdiler.

Ynsan hukuklary boýunça Gazak býurosynyň ýerine ýetiriji direktory Roza Akylbekowa prezident Nursultan Nazarbaýewiň bu barada 28-nji iýulda gol çeken kararyndan ilat köpçüliginiň bihabar galandygyny aýdyp, bu meseläniň halk köpçüligine sala salnyp çözülmelidigini nygtady.

Şeýle hem ol bu täze karara halkara standartlaryndan yza çekilmeklik hökmünde baha berdi.

2002-nji ýylda Gazagystan Merkezi Aziýa regionynda ilkinji bolup türmelere gözegçilik ediji Komiteti Içeri işler ministrliginiň garamagyndan Adalat ministrliginiň garamagyna geçiripdi. Emma täze kabul edilen permana laýyklykda indi bu Komitet Içeri işler ministrliginiň garamagyna gaýdyp barar.
XS
SM
MD
LG