Çarşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk geňeşindäki diplomatlar Siriýadaky gandöküşikli wakalar barada alada dörediji maglumatlaryň alnandygyny mälim etdiler.
Howpsuzlyk geňeşinde BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi Oskar Fernandez Taranko Siriýadaky wakalar barada ýörite hasabat bilen çykyş etdi.
Howpsuzlyk geňeşindäki britan ilçisi Filip Parham häzirki wagta çenli Siriýada 2 müň töweregi parahat ýaşaýjynyň öldürilendigi we 13 müň töweregi adamyň hem häkimiýetler tarapyndan tussag edilendigi barada maglumat alnandygyny aýtdy.
Britaniýanyň ilçisi Siriýanyň režiminiň parahat ilata garşy harby repressiýalaryny mundan beýläk-de dowam etdiren halatynda, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Siriýa garşy çärelerini güýçlendirmeginiň mümkindigini mälim etdi.