Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki premýer Timoşenkonyň sud işi dowam etdirildi


Çarşenbe güni Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň işi bilen baglanyşykly nobatdaky sud diňlenişigi geçirildi.

Kiýewde geçen bu sud diňlenişiginde Ýuliýa Timoşenko ýurduň prokuratura işgärlerini döwletiň “repressiýa maşynyna” gulluk etmekde aýyplady.

Geçen hepdäniň anna güni bolan sud diňlenişiginde ol sudýany prezident Wiktor Ýanukowiçiň “oýunjagy” diýip atlandyryp, onuň sud prosesini alyp barmagyna protest bildiripdi.

Şol gün hem sudýa Ýuliýa Timoşenkony wagtlaýyn tussaghanada saklamak barada karar çykarypdy.

Ukrainanyň sudy oňa premýer-ministriň wezipesinde işlände öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplama bildirýär.
XS
SM
MD
LG