Sepleriň elýeterliligi

“Apple” dünýäniň iň baý kompaniýasyna öwrüldi


Çarşenbe günündäki görkezijilere laýyklykda, düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Apple” tehnologiýa kompaniýasy dünýäniň iň baý kompaniýasyna öwrüldi.

Hususan-da, hepdäniň çarşenbe güni Nýu-Ýorkuň maliýe bazarynyň görkezijileri “Apple” kompaniýasynyň öz maliýe baýlygy boýunça “Exxon Mobil” kompaniýasyndan hem öňe geçip, liderligi eýeländigini görkezdi.

Häzirki wagt “Apple” kompaniýasynyň jemi maliýe baýlygy 337 milliard dollar, “Exxon Mobil” kompaniýasynyň maliýe baýlygy bolsa 331 milliard dollar diýlip hasaplanylýar.

“Exxon Mobil” kompaniýasy 2005-nji ýyldan bäri öz maliýe baýlygy boýunça dünýä liderligini saklap gelipdi.

“Apple” kompaniýasynyň liderligi eýelemeginde onuň soňky ýyllar önümçilige çykaran “iPod” we “iPhone” ýaly käbir täze elektron önümleriniň möhüm rol oýnandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG