Sepleriň elýeterliligi

Siriýa Türkiýäniň Eýran bilen güneşli paradyna kölege salýar


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad (çepde) we Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad (çepde) we Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan

Ozal ganym duşman bolsalar-da, soňky ýyllarda Siriýadyr Eýran bilen dostluk Türkiýäniň daşary syýasatynyň möhüm bölegine öwrüldi. Ýöne bu syýasat indi howp astynda. Muňa sebäp bolan zat hem Siriýanyň hökümete garşy çykýan demonstrantlara rehimsizlik bilen basyş edip, soňky aýlarda, çak edilişine görä, 2 müň töweregi adamy öldürmegidir.

Ýagdaýyň nähili ýaramazlaşandygyny 9-njy awgustda prezident Başar al-Assad bilen duşuşmak üçin Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglunyň Damaska eden sapary görkezdi. Dawutoglunyň Assada ýetiren habary repressiýany bes edip, zerur reformalary ýola goýmak, syýasy tussaglary boşatmak boldy. Muny etmedik ýagdaýynda Assadyň Liwiýanyň ýolbaşçysy Muammar Kaddafi ýaly halkara derejesinde üzňelige düşjekdigini aýtdy.

Assad hem çürt-kesik jogap berene meňzeýär. Siriýanyň döwlet habar gullugy “Sana” Assadyň Türkiýäniň daşary işler ministrine Damaskyň “terroristik toparlaryň” garşysyna rehimsizlik bilen göreş alyp barjakdygyny aýdandygyny habar berdi.

Dawutoglu Ankara dolanyp gelensoň, Türkiýäniň Assaddan ýüz öwrüp, protestçilere duýgudaşlyk edýändigini bildirdi. Bu meselede Dawutoglu öz pikirini şeýle beýan etdi: “Öňümizdäki günlerde, aýlarda däl, günlerde biz bir möhüm prosesi başdan geçireris. Bu prosesiň suduryny öňümizdäki günlerde, öňümizdäki hepdelerde giriziljek çäreler aýan eder. Hemişe nygtaýşymyz ýaly, biziň esasy ölçegimiz bu prosesiň diňe Siriýa halkynyň islegini şöhlelendirmegi”.

Assadyň güýç ulanmagyna Ankaranyň garşy çykmagy geň zat däl. Ýaňy iýun aýynda Assadyň howpsuzlyk güýçlerinden gaçyp, 10 müň töweregi bosgun Türkiýä sygyndy.

Has göze ilýän zat bu işiň Türkiýäniň Eýran bilen bolan gatnaşygyna zyýan ýetirýänligi. Tähran Assady tutanýerli goldap geldi. Eýran ençeme ýyl bäri Orta Gündogarda Siriýanyň ýakyn ýarany. Ýöne Tähran soňky ýyllarda gatnaşygyny Günbataryň esasy ýarany, NATO-nyň agzasy Türkiýe bilen-de gowulandyrdy.

Türkiýe Assaddan ýüz öwürse...

Murat Bilhan Stambul Kültür Uniwersitetinde Halkara gatnaşyklary boýunça ýolbaşçy. Ol ozal hem Eýranda Türkiýäniň diplomaty bolup işlän adam. Onuň pikiriçe, Türkiýe Assaddan ýüz öwürse, Tähranyň oňa Günbataryň elindäki guraly hökmünde garamagy mümkin.

“Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar gitdigiçe sowaýar. Eýranyň muny ýokuş görmegi mümkin. Olar hüşgär bolup, Türkiýä Günbataryň ýarany, Günbataryň regiondaky potratçysy ýaly bir zat diýip gararlar” diýip, Bilhan aýdýar.

Dawutoglu Ankarada geçiren metbugat ýygnagynda bular ýaly aýyplamalary ret etdi: “Türk döwletiniň barlygynyň hiç bir döwründe hiç bir türk hökümeti ýa türk Daşary işler ministrligi hiç haçan hiç bir döwletiň potratçysy bolan däldir, bolmazam”.

Eýranyň döwlet mediasy Türkiýäniň Assada garşy syýasatyny açyk tankytlady. Mysal üçin, Eýranyň iňlis dilinde gepleşik berýän telekanaly “Press TV” 9-njy iýunda Siriýadaky pitneçilikde türk premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogany günäkärledi.

Eýran bilen aradaky gatnaşyklaryň aladasy sebäpli iýul aýynyň başlarynda Dawutoglu Eýrana sapar etdi. Türk resmileri Eýranyň Türkiýäniň tutumyny tankytlamagynyň şondan soň ýatyşandygyny aýdýarlar.

Analitikleriň arasynda Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysy Aýatolla Ali Hameneýiniň Assaddan eýýäm el üzendigine ynanýanlar-da bar. Mysal üçin, Ysraýylda ýerleşýän ylmy-barlag gurama MEEPAS-iň kommentatory Meir Jawedanfar: “Assad çuň alada içinde. Hameneýi onuň bilen birlikde batmak islänok. Ikinjiden hem ol Assadyň gämisiniň batyp barýandygyna, ony halas edip bolmajakdygyna göz ýetirýär” diýýär.

“Ol ony taşlady. Ol bu işi açyk däl-de, hususy görnüşde etdi. Aslynda eýranlylar hususy gepleşiklerde Assaddan esasy reformalary girizmegi soraýarlar diýip çaklamak ýalňyş däl bolsa gerek. Olaryň Siriýanyň oppozisiýanyň içindäki käbir elementler bilen gürleşýän bolmagy-da mümkin” diýip, Jawedanfar sözüniň üstüne goşýar.

Bilhan Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyk “sowady” diýse-de, “soňlandy” diýenok. Öz pikirini ol şeýle beýan edýär: “Türkiýe Eýrany elden berendir öýdemok. Eýran elden gidenok, ýöne onuň öňküsinden az-kem daşlaşan bolmagy mümkin. Olar indi özara birek-birege ynam etmezler. Ýöne haçan-da Türkiýe bilen Eýranyň bähbitleri utgaşsa, mysal üçin separatizm ýa şolar ýaly zatlarda, olar hyzmatdaşlyk ederler”.
XS
SM
MD
LG