Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Magnitskiý sanksiýasy boýunça ar alyş: Orsýet hem amerikan resmilerini “gara sanawa” girizdi diýilýär


Moskwa tarapyndan amerikan resmileriniň “gara sanawynyň” düzülmegi bilen, türmede ýogalan orsýetli ýurist Sergeý Magnitskiniň ölüminiň daşyndaky dawa şü günler ýene-de bat aldy. Moskwa tarapyndan Orsýete goýbermezlik üçin düzülen sanawa Birleşen Ştatlaryň türmelerinde iki ors raýatynyň hak-hukuklaryny bozanlykda güman edilýän ençeme amerikan resmileriniň atlary girizildi diýlip, habar berilýär. Orsýet bu hereketini ABŞ-nyň Magnitskiniň ölümine jogapkär hasaplanýan ors resmilerinden ybarat “gara sanawy” düzmegine jogap hökmünde amala aşyrdy.


Moskwa onlarça amerikan resmisiniň ady girizilen “gara sanawy” düzmek kararyny bu resmileriň iki sany ors raýatynyň hak-hukuklaryny bozanlygy bilen düşündirdi. Orsýetiň bu iki raýaty halkara derejesinde ýarag we neşe gaçakçylygy bilen baglylykda tussag edilipdi.

10-njy awgustda “Kommersant” gazetiniň Orsýetiň Daşary işler ministrligindäki çeşmä salgylanyp ýazmagyna görä, amerikan resmileriniň Orsýetiň raýatlarynyň hak-hukuklaryny bozmakda güman edilip, “gara sanawa” girizilmegine sebäp bolan şahslaryň biri Wiktor Bout. Ol 2010-njy ýylyň noýabr aýynda ýarag gaçakçylygynda güman edilip, Taýlanddan ABŞ-a iberilipdi. Beýlekisi Konstantin Ýaroşenko. Ol 2010-njy ýylyň maý aýynda ABŞ-nyň ýörite gulluklary tarapyndan Liberiýanyň paýtagty Monrowiýada ele salnypdy.

Ýaroşenko şol ýylyň aprel aýynda gaçakçy usulda ABŞ-a neşe daşamak bilen bagly topara gatnaşykda günäli tapyldy. Şol döwürde Wiktor Bout amerikan raýatlaryny öldürmekde we terrorçy toparlara goşulmakda güman edilip, suda garaşýardy.

Orsýetiň “gara sanawyny” çap etmegine şu ýylyň iýul aýynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Orsýetiň resmileriniň ençemesine garşy wiza çäklendirmelerini girizmek barada karar kabul etmegi sebäp boldy. Amerikan sanawyna girizilen ors resmileri ýurist Sergeý Magnitskiniň ölümine jogapkär bolmakda güman edilýär. Magnitskiý 2009-njy ýylda salgytdan boýun gaçyrmakda we galplykda aýyplanyp, suda garaşýarka türmede ýogaldy. Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar şonda Magnitskä ýöňkelen aýyplamalary esassyz diýip atlandyrypdylar.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň “gara sanaw” boýunça kararyny resmi derejede kommentirlemedi.

Agyryly tema

Emma bu meselaniň daşynda güýçlenýän dawa iki ýurduň gatnaşyklaryna kölege salmak howpuny döredýär. 2009-njy ýylda amerikan prezidenti Barak Obama hakimiýet başyna gelensoň, ýurtlaryň gatnaşyklaryny gowulandyrmak boýunça tagallalaryň täze tapgyry başlanypdy.

Käbir analitikler Magnitskiniň ölümi bilen bagly meseläniň iki ýurduň arasyndaky gepleşikleriň agyryly tema bolup galjakdygyny çak edýärler.

“Rossiýa w Globalnoý Politike” žurnalynyň baş redaktory Fýodor Lukýanow
“Rossiýa w Globalnoý Politike” žurnalynyň baş redaktory Fýodor Lukýanow şeýle diýýär: “Bu iş gatnaşyklary gowulandyrmaýar. Sebäbi ABŞ-da bu temanyň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýän toparlar bar. Olar, hususan-da, Magnitskiniň kärdeşleri. Olaryň ýeterlik täsiri hem bar. Şonuň üçin Orsýetiň bu meselä üns gowşar diýen umydy başa baranok we tema ünsden düşürilenok”.

Bu mesele ABŞ-nyň Kongresiniň garamagynda galýar. Amerikan tarapynyň Magnitskiniň ölümine jogapkär resmiler babatynda “gara sanaw” bilen çäklenmän, olara garşy ABŞ-daky bank hasaplaryny doňdurmak ýaly çäreleri-de görmäge taýýara meňzeýär.

37 ýaşly Magnitskiý salgyt tölemekden boýun gaçyrmakda güman edilip, suda garaşýarka tussaglykda pankreatit keselinden ýogaldy. Ol Orsýetiň polisiýasyny 200 million dollarlyk galplykda aýyplansoň, tussag edilipdi. Onuň “Hermitage Capital” fondundaky kärdeşleri Magnitskä türmede zerur medisina kömeginiň berilmänligini, üstesine rehimsiz urlup-ýenjilenligini aýtdylar.

Moskwadaky Helsinki fondunyň başlygy Lýudmila Alekseýewa amerikan “gara sanawyna” jogap hökmünde Orsýetiň hem şeýle sanawy düzmegine ýaňsyly garaýar. Alekseýewa bu hakda: “Amerikanlaryň muňa gynanjagyna garaşmaklyk gülküli bir yagdaý döredýär” diýdi.

ABŞ tarapyndan “gara sanawyň” düzülenligi barada 28-nji iýulda yglan edilipdi. Emma ýurtlaryň düzen şeýle “sanawlary” köpçüligiň dykgatyna ýetirilmedi.
XS
SM
MD
LG