Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň baş diplomaty Berdimuhamedow bilen duşuşdy


Hytaýyň daşary işler ministri Ýan Szeçi
Hytaýyň daşary işler ministri Ýan Szeçi
Çarşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň daşary işler ministri Ýan Szeçi bilen gepleşik geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we perspektiwalary maslahat edildi. Türkmen metbugaty taraplaryň türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda galkynandygyny belläp, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we gumanitar ugurlar boýunça bilelikdäki proýetktleri amala aşyrmaga gyzyklanma bildirendiklerini habar berýär.

Dünýäniň ikinji ägirt uly ykdysadyýeti bolan Hytaý dünýäniň ençeme döwletlerine, şol sanda Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen garaşsyzlyga çykan Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna hem özüniň proýektleri, sermaýasy bilen aktiw aralaşlaşýar.

Bilermenler Hytaýyň dünýä derejesinde aktiw inwestision syýasatyny alyp barýanlygyna ünsi çekýärler. “ChinaPro” atly biznes žurnalynyň maglumatynda diňe 2010-njy ýylyň özünde Hytaýyň banklarynyň ösýän döwletlere beren karzlarynyň Dünýä bankynyň kreditlerinden 10 milliard dollar köpdügi aýdylýar

Şu ýylyň aprelinde Hytaý Türkmenistana 4,1 milliard dollarlyk karz bermegi ylalaşdy. Bu puluň ”Günorta Ýolöten” gaz ýatagynyň özleşdirilmegine sarp ediljegi habar berlipdi. Hytaýdan alnan kredit geljekde tebigy gaz eksporty arkaly hasaplaşylar.

Hytaý Türkmenistana 2009-njy ýylda hem 4 milliard dollarlyk karz beripdi. Şeýlelikde Türkmenistanyň Hytaýdan karz alan pulunyň möçberi jemi 8 milliard dollardan geçdi.

Strategiýamy?

Bosgunlykda döredilen “Respublikan” partiýasynyň liderleriniň biri, öňki türkmen diplomaty Nurmuhammet Hanamow Hytaýyň Türkmenistana beren kreditleriniň geljege gönükdirilenligini aýdýar. Onuň pikirine görä, Hytaý kredileriň üsti bilen Türkmenistanyň özüne bagly, ýagny garaşly bolup galmagyny gazanmak isleýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ykdysady gatnaşykda esasy pudak - ýangyç-energiýa pudagydyr. 2009-njy ýylda Türkmenistan täze gazgeçiriji arkaly Hytaýa gaz akdyrmaga başlady. “Itar-Tass” habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, gazgeçirijiniň üsti bilen 2010-njy ýylda alty milliard kubometr gaz akdyryldy. Şu ýylyň hasabyna bolsa 17 milliard kubometr türkmen gazyny Hytaýa akdyrmak göz öňünde tutulýar. Gazyň satylýan bahasy barada maglumat berlenok.

2015-nji ýyla çenli Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisi doly güýjünde işläp başlamaly we onuň üsti bilen ýyllyk 40 milliard kubometrlik gazy Hytaýa eksport etmek planlaşdyrylýar. Eger-de muny amala aşyrmak başartsa, onda Hytaý türkmen gazyny alýan iň uly ýurt bolar. Türkmenistan öz gazyny Hytaýdan başga-da, Orsýete we Eýrana satýar.

Berdimuhamedow “Türkmenistanyň uzak möhletleýin strategiki hyzmatdaşy bolan Hytaý” bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge ygrarlydygyny hem gepleşikleriň barşynda mälim etdi.

Ýan Szeçiniň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli hytaý delegasiýasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn konsultasion gepleşiklere hem gatnaşdy. Bu gepleşiklerde, esasan, Berdimuhamedowyň ýakyn wagtlarda Hytaýa etjek saparyna degişli meseleleriň çäklerinde maslahat edildi diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG