Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýada bulagaýçylara garşy çäreler güýçlendirilýär


Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron ýurduň parlamentiniň adatdan daşary maslahatynda çykyş edip, bulagaýçylaryň ýykan-ýumrançylykly hereketlerini togtatmak üçin, polisiýanyň ygtyýarlyklaryny artdyryp, harby goşunlaryň güýjüni ulanmak meselesine garaýandygyny aýtdy.

Bu biduzgünçiliklerde maddy hem ahlak taýdan ejir çekenlere kompensasiýalaryň tölenjekdigi habar berildi.

Şeýle hem Kameron bu biduzgünçilikleriň syýasy sebäp bilen döremändigini nygtap, şeýle ýagdaýyň bulagaýçylary öjükdirmek arkaly ýüze çykandygyny belledi.

Geçen gije Britaniýanyň şäherleriniň azda-kände asuda bolandygy habar berilýär.

Häzir ýurduň sudlarynda bulagaýçylara garşy seljerişlikler geçirilýär.

Bu bidüzgünçilikleri gurnanlykda we bulagaýçylyklara gatnaşanlykda aýyplanyp, Britaniýada müňden gowrak adam tussag edildi.
XS
SM
MD
LG