Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Karzaý indiki möhlete dalaş etmekçi däl


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý prezidentligiň üçünji möhletine dalaş etmejekdigini mälim etdi.

2001-njy ýyldan bäri Owganystana ýolbaşçylyk edip gelýän Karzaýyň prezidentlik möhleti 2014-nji ýylda tamamlanmaly. Hut şol ýyl NATO-nyň ýaranlyk güýçleriniň Owganystandaky harby hereketleri hem tamamlanmaly.

Karzaýyň garşydaşlary onuň Owganystanyň Konstitusiýasyny özgerdip, üçünji möhlete hem dalaş etmeginden howatyrlanýardylar.

11-nji awgustda deputatlar bilen geçiren duşuşygynda Karzaý “ýurduň Konstitusiýasynyň hiç kime prezidentligiň iki möhletinden artyk häkimiýet başynda galmaga ygtyýar bermeýändigini” aýdypdyr.

2001-nji ýylda Hamid Karzaý ýurduň ýolbaşçysy wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji edip bellenipdi. 2004-njy ýylda Owganystanda täze Konstitusiýa kabul edilenden soň geçirilen prezident saýlawlarynda Karzaý ýeňiş gazandy.

Ilkinji bäş ýyllyk möhleti tamamlanandan soň, Karzaý 2009-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna hem öz kandidaturasyny hödürläp, bu saýlawlarda hem üstünlik gazandy.

Emma soňky saýlawlarda Karzaýyň garşydaşlary ony korrupsiýa dahyllylykda aýypladylar. Karzaýyň Günbatar bilen gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagynyň esasy sebäbi hem korrupsiýa bilen bagly boldy.
XS
SM
MD
LG