Sepleriň elýeterliligi

Maliýe bazarlarynda indeksler ýene pese gaçdy


11-nji awgustda Ýewropanyň maliýe bazarlarynda esasy indeksler gaýtadan pese gaçdy. Muňa Ýewropada maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýän bergidar ýurtlaryň obligasiýalaryny özünde saklaýan Fransiýanyň banklarynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy baradaky aladalar sebäp boldy.

Maglumatlara görä, diňe Italiýanyň obligasiýalaryny satyn almak üçin, fransuz banklary ýurduň ykdysadyýetiniň umumy möçberiniň 20%-ne barabar serişdelerini sarp edipdirler. Şonuň üçin maýadarlar Italiýanyň maliýe kynçylyklary başdan geçirýändigini göz öňünde tutup, bu ýagdaýyň Fransiýa hem täsir etmeginden howatyrlanýarlar.

Ýakynda Fransiýanyň banklary we ätiýaçlandyryş kompaniýalary Gresiýanyň 15 milliard ýewro barabar karzyny gaýra goýmak barada özara ylalaşdylar. Bu çäre ÝB-iň halas ediş planynyň çäginde geçirildi.

Emma häzirki dörän ýagdaý Fransiýanyň ygtybarlylyk derejesiniň peselmegine getirip biler diýen aladalar bar.

11-nji awgustda Aziýanyň fond biržalarynda hem esasy indeksler pese gaçdy.

Dünýä bazarynda altynyň bahasy hem öň görlüp eşidilmedik derejä ýetip, onuň bir troýa unsiýasy 1,800 dollara baryp ýetdi.
XS
SM
MD
LG