Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada harbylar ýene 11 adamy öldüripdir


Siriýanyň hukuk goraýjy aktiwistleriniň beren maglumatlaryna görä, 11-nji awgustda hökümet goşunlarynyň tanklary Homs welaýatynda ýerleşýän Kusaýyr şäherinde giripdir.

Aktiwistleriň hem gözli şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, bu hüjümde azyndan 11 adam öldürilip, 16 adam ýaralanypdyr.

Aktiwistler Siriýanyň hökümet goşunlarynyň Türkiýe bilen serhetdeş Idlib welaýatynda ýerleşýän Sarakeb şäherini zabt edip alandyklaryny hem habar berdiler. Bu ýerde onlarça adamyň tussag edilendigi aýdylýar.

Iblibde hem, Hamada we Homsda bolşy ýaly, hökümete garşy protestler geçirilýärdi.

Graždan aktiwistleriniň berýän maglumatlaryna görä, Siriýada bäş aý bäri dowam edýän protestlerde iki müňe golaý adam öldürilipdir.

Geçen hepde BMG Siriýany derhal zorlugy bes etmäge çagyrypdy.
XS
SM
MD
LG