Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan, Orsýet, BSG: möjek, geçi, kelem


Orsýetli aktiwistler ýurduň BSG-ä girmegine garşy ýöriş geçirýärler, Moskwa, 2011-nji ýylyň 7-nji iýuly.
Orsýetli aktiwistler ýurduň BSG-ä girmegine garşy ýöriş geçirýärler, Moskwa, 2011-nji ýylyň 7-nji iýuly.

Gürjüstanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Sergi Kapanadzäniň beýannamasyny çap etdiler. Ol Orsýetiň ýolbaşçylaryny bu ýurduň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) girmegi boýunça gepleşikleriň barşyndaky jikme-jik maglumatlary gizlin saklamak babatda “sypaýyçylykly ylalaşygy bozmakda”, şonuň ýaly-da, şol gepleşiklerde araçylyk edýän Şweýsariýanyň prezidentiniň ylalaşyk teklipleriniň manysyny ýoýmakda günäleýär.


2008-nji ýylyň awgustynda Günorta Osetiýada harby jenjel zerarly juda agyrlaşan ors-gürji ekspert dialogy arakesmeler bilen indi onlarça ýyl bäri dowam edip gelýär. Gürjüstan BSG-ä giren (bu guramada kararlar umumy ylalaşyklar esasynda kabul edilýär) iň soňky ýurtdur. Gürjüstan Orsýetiň şu gurama girmegine razylyk bildirmek islemeýär.

Orsýetiň “Russia Today”, Gürjüstanyň PIK telekanallaryna we “Эхо Москвы” radiostansiýasyna beren interwýusynda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew “Gürjüstanyň Orsýetiň BSG-ä girmegine razylyk bermegi öwrülişik nokady bolmasa-da, nokatlaryň galtaşmagy bolardy, şunuň töwereginde-de ilki kadaly söwda-ykdysady gatnaşyklary, soňam diplomatik gatnaşyklary dikeltmäge mümkinçilik bolardy” diýip aýtdy. Şunuň bilen birlikde Orsýetiň döwlet baştutany BSG boýunça Gürjüstan bilen gepleşiklerdäki esasy araçy bolan Şweýsariýanyň prezidenti bilen eglişik şertleriniň ylalaşylandygyny habar berdi.

Tbilisi Orsýetiň BSG-ä girmegi üçin şert goýýar. Şol şert şeýle: Abhaziýa bilen Günorta Osetiýanyň Orsýet bilen söwda dolanyşygynyň doly statistiki hasabatlaryny Gürjüstana bermeli. Gürji tarapy häzire çenli diňe bir hasabatlaryň özüne berilmegine däl, eýsem, gümrük punktlarynda halkara gözegçileriniň-de bolmagyna aýak direýärdi. Ýöne Moskwanyň Abhaziýa we Günorta Osetiýa araçäklerindäki uçastoklarda Ýewropa Bileleşiginiň gözegçilerini goýmaga razylyk bermegi Orsýetiň gürji awtonomiýalarynyň garaşsyzlygyny ykrar etmekden boýun gaçyrmagynyň alamaty ýaly bolup görünjekdi. Çünki Ýewropa Bileleşigi Abhaziýany we Günorta Osetiýany Gürjüstanyň regionlary hasaplaýar.

BSG boýunça gepleşiklerdäki gürji delegasiýasynyň agzasy, daşary işler ministriniň orunbasary Sergi Kapanadze Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda gürji tarapynyň geljekki gepleşikleriň barşynda öz pozisiýasyny berk gorajakdygyny aýtdy.

—Näme üçin Gürjüstan nobatdaky gepleşikleriň öňüsyrasynda bar zady mälim etdi oturyberdi?

Gürjüstanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergi Kapanadze
—Şeýle karara Gürjüstan gelmedi. Bu jenap Medwedewiň interwýusyndaky aýdanlaryna adaty bir jogap. Ol Orsýetiň ýeke-täk ylalaşjak zady “Orsýetiň Abhaziýa we Gunorta Osetiýa bilen söwda meselesi boýunça statistiki maglumatlary alyş-çalyş etmek” diýip aýtdy. Şunuň bilen birlikde-de ol şu babatda Şweýsariýanyň prezidenti bilen ylalaşyp ýörüs diýibem aýtdy. Gönüläp aýdanyňda, munuň özi, galatdyr. Şonuň üçin-de biz hakykatda nämeler bolýandygyny aýtmagyň kararyna geldik.

Şweýsar tarapy iki sany esasy zatdan ybarat bolan öz dokumentini teklip etdi. Şonuň biri — monitoring boýunça halkara missiýasy, munuň özi harytlaryň hereketine gözegçilik eder. Ikinjisi — maglumatlary alşyp-çalyşmak boýunça çylşyrymly sistema, munuň özi, jenap Medwedewiň aýdanlaryndan manysy boýunça tapawutlanýar. Ol harytlaryň hereketinden ozalky, harytlaryň hereketinden soňky we şuňa meňzeş informasiýalary alşyp-çalyşmaga özüne girizýän informasion sistemadyr. Eger-de Orsýetiň BSG-ä girjegi çyn bolsa, onda ol şu iki prinsip boýunça ylalaşmaly bolar.

—Geljekki gepleşikleriň perspektiwalary nähili? Olar haçan başlar?

—Nobatdaky gepleşikleriň 12-nji sentýabrda başlanýan hepdede geçirilmegi barada biz deslapdan ylalaşdyk — diýip, Sergi Kapanadze nygtady.

Problemanyň çözgüdi

Orsýetiň Bütindünýä söwda guramasyna girmek meselesi boýunça gürji wetosyny aýyrmak problemasynyň çözgüdiniň mümkindigi baradaky habaryň ýaýramagynyň getirip biläýjek netijeleri hakynda Ýokary ykdysadyýet mekdebiniň professory, Orsýetiň BSG-ä goşulmak boýunça informasion býurosynyň direktory Alekseý Portanskiý Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň radiosynyň efirinde gürrüň berdi:

— Şu meselede bähbit aramalar köpden bäri dowam edýär. Ýöne bu babatda häzirlikçe hiç hili ylalaşyga gelnenok. Dogrusy, özüm-ä şu zatlardan habarsyz. Men ýap-ýaňy biziň gepleşikler geçirýän delegasiýamyz bilen habarlaşyp gördüm. Şolara salgylanybam şu zatlary aýdýan. Ýöne munuň bolaýjak zatdygyny-da inkär edip bolmaz.

—Görnüşine görä, bu ykdysady mesele däl-de, arassa syýasy häsiýetli mesele ýaly-la?

—Gürji tarapy meseläniň düýbi-teýkarynyň söwda-syýasatda ýatandygyny tassyklaýar. Olar Orsýetiň Günorta Osetiýanyň we Abhaziýanyň serhetlerinde ýerleşen gümrük punktlaryndaky harytlaryň hereketlerine gözegçilik etmek isleýärler. Şu ýerde-de bu territoriýalaryň statusyna dürli garaýyş meselesi ýüze çykýar. Orsýetiň bu iki territoriýany garaşsyz diýip ykrar edeni düşnükli, ýöne dünýäniň döwletleriniň tas hemmesi diýen ýaly, şol sanda Gürjüstan-da Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň garaşsyzlygyny ykrar etmeýär. Diýmek, bu gümrük punktlaryndaky geçiş düzgüni boýunça meseläniň çözgüdine garaýyşlar, şol sanda, bu ýerlerde haýsy ýurduň wekilleriniň bolmalydygy baradaky garaýyşlaram biri-birinden tapawutlanýar. Bu meseläniň çözgüdiniň şeýle çylşyrymlylygy şunuň üçindir. Munuň özi köpden bäri dowam edip gelýän wawwaly meseleleriň biridir. Haýsydyr bir araçy gözegçileri getirmeli diýen mesele-de asyl-asyl bolup dur. Elbetde, bu mesele şeýle seredeniňde söwda-syýasy mesele, hakykatda welin onuň çözgüdi syýasy sferada ýatyr.

—Herhal, siz köp informasiýalardan habarly kişi, şeýle eglişigiň esasynda çözgüt tapylyp bilnermi?

—Bu meseläniň çözgüdiniň bir bölegi, meseläniň çözgüdiniň beýleki taraplary, aýdaly, gürji harytlarynyň Orsýetiň bazarlaryna gaýtarylyp getirilmegi bolup biler, beýle diýildigi, 2006-njy ýyldan bäri dowam edip gelýän gadagançylyklaryň aýrylmagy diýildigidir. Meniň pikirimçe, gadagançylyklaryň käbiri bähbitsiz hem-de delilsiz. Elbetde, Gürjüstan Orsýetiň bazaryna gyzyklanma bildirýär. Eger-de Orsýet, hususan-da, “Boržomi”, çakyr, sok ýaly, gürji harytlaryny ýene-de öz bazarlaryna goýbermäge barlyşyk etse, onda meseläniň çözülmegine köp babatda ýardam edip bilerdi.

—Şuny göz öňüne getirip göreliň. Gürjüstan Orsýetiň BSG-ä girmegine garşylygyny aýyrdy diýeliň. Siziň pikiriňizçe, şeýle ýagdaýda Orsýet haçanrak Bütindünýä söwda guramasyna agza bolup biler?

—Häzirki wagta çenli çözülmedik meseleler bar. Bu mesele oba hojalyk önümlerini öndürijilere gös-göni döwletiň kömegi meselesi. Ilki bilen, etiň we guş etiniň täze import ölçegleri kesgitlenilmelidir. Belki-de, fitosanitar barlagyny özleşdirmek bilen baglanyşykly käbir tehniki meseleleri bardyr. Esasy dokumentiň — Orsýetiň BSG-ä goşulmagy boýunça işçi toparyň dokladynyň üstünde işlenilmegini tamamlamaly. Bu zatlaryň barysy, elbetde, wagt talap edýär. Işleriň hemmesini tamamlamagyň tehniki mümkinçiligi ýylyň ahyryna çenli bolup biler. Şunam aýratyn nygtaýyn, munuň özi, çaklama däl, eýsem, tehniki mümkinçilikleriň elýeterligi. Eger-de, siziň aýdyşyňyz ýaly, şu meseläni Gürjüstan bilen çözüp bolsa. Emma bu mundan soň bada-bat BSG-ä agza bolýandygymyzy aňlatmaýar. Käbir formal zatlar üçinem birnäçe aý gerek.

—Orsýete BSG-ä girmek nämesine gerek? Ol hakykat ýüzünde, ýurda näme berýär?

—Birinjiden-ä, guramada eýýäm 153 ýurt bar, ýagny dünýä jemgyýetçiliginiň agramly bölegi, biz bolsak — bu guramanyň daşynda. BSG-ä agzalyk daşarky bazarlara erkin, hiç bir hukuk kemsidilmesiz girmek üçin ygtyýar berýär. Häzirki güne çenli bizde şeýle ygtyýar ýok. Bulardan başga-da biz dünýäde iň bir hukuklary kemsidilýän döwletleriň biridiris. Dünýäde biziň önüm öndürýän eksportçylarymyzyň garşysyna 100-e golaý çäklendirmeler hereket edýär. Çäklendirmeleri ýuwaş-ýuwaş aýyrmak üçin biziň BSG-ä agzalygymyz zerur. Biz henize çenli dünýä söwdasynyň düzgünleriniň taýýarlanylmagyna täsirimizi ýetirip bilemzok, Orsýet welin, herhal, iri döwlet ahyry. Diňe BSG-ä agza bolup, Orsýet halkara söwda düzgünleriniň taýýarlanylmagyna gös-göni täsir edip hem-de gatnaşyp biler. BSG-ä agza bolmazdan ötri, ýurduň ykdysadyýetinde täzelikleri ornaşdyrjak bolmak akyla sygmajak bir zatdyr.
XS
SM
MD
LG