Sepleriň elýeterliligi

Ýol hadysalary


Ýazgulyýew: "Türkmenistanda sürüjileriň belli bir böleginiň ýol kadalaryny bilmeýänliginden, ýollarymyzyň uly böleginiň gaty ýaramazlygyndan ýol hadysalarynda pajygaly ýagdaýlaryň köpdügini gizlemek mümkin däl".

Ýazgulyýew: "Türkmenistanda sürüjileriň belli bir böleginiň ýol kadalaryny bilmeýänliginden, ýollarymyzyň uly böleginiň gaty ýaramazlygyndan ýol hadysalarynda pajygaly ýagdaýlaryň köpdügini gizlemek mümkin däl".

Türkmenistanda soňky ýyllarda ýol hadysalarynda pajygaly wakalaryň köpelýändigi hiç kime gizlin zat däl. Mysal üçin, 2000-nji ýyllaryň başynda ýol gözegçilik gullugynda ýokary wezipede işlän raýatymyzyň maňa gürrüň bermegine görä, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow 2001-nji ýylda ýol gözegçilik gullugynyň ýolbaşçylaryndan ýol hadysalarynda-awariýada bir ýylda näçe adamyň ýogalandygyny hasabat bermegini talap edipdir. Prezidente berlen şol hasabatda 2001-nji ýylda ýol hadysasynyň pajygasyndan 1,500 adamyň wepat bolandygy aýdylypdyr.

Elbetde, bu maglumat halka äşgär edilmedi, ýöne şondan soň gazaba münen diktator ýol gözegçilik gullugyny ýörite hünärmenlerden aýryp, ýurduň Goranmak ministrliginiň garamagyna berdi. Hiç zatdan baş çykarmaýan, ýaş esgerler ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerine öwrüldiler. Bu döwürde ýol gözegçiliginiň eden-etdiligi iň ýokary derejä ýetdi. Sürüjilik şahadatnamalary almak şol döwürde gaty aňsat boldy. Ýoňsuzja pula islendik kategoriýany hiç bir azap çekmezden almak mümkin boldy.

Şeýlelikde, ukyby bolmadyklar maşyn sürüp başladylar, olar işsizligiň ýokarydygy üçin maşynlary nesýe üzerine satyn alyp, ýa kärendesine kireý edip başladylar. Bu bolsa ýol hadysasynda pajygalaryň has hem köpelmegine getirdi. Ýöne häkimiýetiň çalyşmagy bilenem ýol hadysasynda bolýan pajygalar harby syr ýaly gizlin saklanýar.

Dogry, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň permany bilen ýol gözegçilik gullugy Goranmak ministrliginiň düzüminden aýrylyp, ýene-de Içeri işler ministrligine gaýtarylyp berildi, belli bir derejede bu ugurda oňyn reformalar hem edildi. Ýöne henizem ýol gözegçilik gullugynda korrupsiýanyň uly derejede saklanyp galýandygyny aýtsa bolar.

Iň esasy hem ýol gözegçilik gullugynyň hojalyk hasaplaşygynda bolmagy bu pudagyň işgärleriniň esasy maksadynyň ýol hereketlerinde düzgün bozmalary ortadan aýyrmak bolman, olary gündelik berilýän plany üzmegiň aladasynda bolmaga iterýär. Şonuň üçin plan üzmegiň hatyrasyna uly ýollarda gizlenip, sürüjiniň düzgün bozmalaryna garaşyp duran ýol gözegçilik işgärlerini her ädimde görmek bolýar.

Ýol hereketlerinde awariýalaryň köp bolmagynyň esasy sebäpleriniň ýene biri hem Türkmenistanda ýol gurluşygynyň alnyp barylýandygyna garamazdan, ýollaryň gaty ýaramazlygydyr. Ýurdumyzyň ýollarynyň aglaba böleginiň hiliniň örän pesdigi hiç kim üçin gizlin zat däl.

Umuman, Türkmenistanda sürüjileriň belli bir böleginiň ýol kadalaryny bilmeýänliginden, ýollarymyzyň uly böleginiň gaty ýaramazlygyndan ýol hadysalarynda pajygaly ýagdaýlaryň köpdügini gizlemek mümkin däl. Ýöne bu hakda resmiler dymýar. Emma bir zat belli: ýollarda pajygany, maýyp-müjrip bolýanlary mümkin bolan derejede azaltmak üçin bu ugurda emele gelen gaýragoýulmasyz problemalary döwlet derejesinde şu ugurdan ýörite hünärmenleriň pikiri esasynda çözmegiň aladasy edilmeli.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG