Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Orsýetiň wise-premýerini kabul etdi


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Orsýetiň hökümet başlygynyň birinji orunbasary Wiktor Zubkow bilen gepleşik geçirdi.

Türkmenistanyň milli "Awaza" turistik zonasynda geçirilen bu duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň perspektiwalary barada pikir alyşdylar.

Türkmenistan bilen Orsýetiň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, agrosenagat, magaryf we ylym hem-de medeni pudaklardaky hyzmatdaşlyklary aýratyn üns merkezinde boldy.

Zubkow Hazar deňziniň kenarynda döredilen "Awaza" turistik zonasyny ösdürmek boýunça-da iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyklar üçin uly perspektiwalaryň bardygyny belledi.
XS
SM
MD
LG