Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan täjik raýatyny içalyçylykda aýyplady


Penşenbe güni Özbegistanyň harby tribunaly Täjigistanyň raýaty Saidkul Aşurowy içalyçylykda aýyplap, 12 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Täjigistanyň raýatlary, doganlar Oblokul Rizoýew bilen Saidkul Aşurow şu ýylyň mart aýynda Özbegistanyň territoriýasynda bu ýurduň döwlet syrlaryna degişli maglumatlary äşgär etmekde aýyplanyp, tussag edilipdiler. Birneme soňra Oblokul Rizoýew azatlyga goýberilipdi.

Özbegistanda tussag edilmezinden öň Saidkul Aşurow Özbegistanyň altyn käninde iş alyp barýan Britaniýanyň “Oxus Gold” kompaniýasynda metallurgiýa inženeri bolup işleýärdi.

Bu kompaniýanyň adwokaty Robert Amsterdam Saidkul Aşurowyň tussag edilmegi üçin hiç hili kanuny esasyň ýokdugyny aýdyp, bu soňky wakany onuň hukuklarynyň gödek bozulmasy hökmünde häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG