Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň türmelerinde barlag işleri geçiriler


Ýakynda Gyrgyzystanyň tussaghanalaryna gözegçilik etmek maksady bilen hökümet tarapyndan döredilen komissiýa ýurduň ähli tussaghanalarynda barlag işlerini geçirmekçidigini mälim etdi.

Hususan-da, bu komissiýanyň başlygy Çolpon Ömürakunowa penşenbe güni žurnalistlere beren interwýusynda öz komissiýasynyň tussaglaryň hukuklarynyň bozulýandygy barada ýakynda peýda bolan maglumatlary-da derňejekdigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Gyrgyzystanyň tussaghanalaryna geçiriljek bu reýdler şu geljek hepdäniň duşenbe güni başlanyp, ol tä ähli tussaghanalarda barlag işleri geçirilýänçä dowam eder.

Şol geçiriljek barlaglaryň netijesinde-de ýörite hasabatyň taýýarlanjakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG