Sepleriň elýeterliligi

Müňlerçe gazak nebitçisi “Nur-Otan” partiýasynyň düzüminden çykýar


Penşenbe güni Gazagystanda protest aksiýalaryny geçirýän nebitçileriň müňlerçesi ýurduň dolandyryjy partiýasy bolan “Nur-Otan” partiýasynyň düzüminden çykýandyklaryny yglan etmek üçin, bu partiýanyň Janaozen şäherindäki baş edarasyna bardylar.

Protest geçiriji “OzenMunaýGaz” kompaniýasynyň işgärlerinden biri Roza Toretaýewa penşenbe güni partiýadan çykýandyklaryny yglan etmek üçin “Nur-Otan” partiýasynyň ofisine 3 müň töweregi nebitçiniň barandygyny aýtdy.

Gazagystanyň nebitçileri özleriniň bu çärelerini öz edýän talaplaryna “Nur-Otan” partiýasynyň hiç hili baş galdyrmandygy bilen baglanyşdyrýarlar.

Şu hepdäniň duşenbe güni bu nebitçileriň ýuristi Natalýa Sokolowa “sosial bulagaýçylyga meçew bermekde” aýyplanyp, sud tarapyndan 6 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
XS
SM
MD
LG