Sepleriň elýeterliligi

Estoniýanyň Goranmak ministrliginiň binasyna hüjüm edildi


Penşenbe güni Estoniýanyň resmileri ýurduň Goranmak ministrliginiň binasyna hüjüm eden bir raýatyň atylyp öldürilendigini habar berdiler.

Prokuratura resmileriniň aýtmaklaryna görä, Talliniň merkezinde ýerleşýän Goranmak ministrliginiň binasyna kürsäp giren bu raýat binanyň içine tüsse ýaýradyjy mina oklap, iki sany resmini zamun alypdyr.

Wakada ol ýere baran polisiýa işgärleri ony atyp öldüripdirler.

Bu hüjüm eden adamyň 1954-nji ýylda doglan ermeni asylly eston raýaty Karen Drambýandygy aýdylýar.

Hüjümiň sebäpleri barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG