Sepleriň elýeterliligi

Türkmenbaşyda näme üçin suw ýok?


 Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylarynyň suw maşynlarynda daşalýan agyz suwy bilen-de üpjün edilmeýänligini habar berilýär.

Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylarynyň suw maşynlarynda daşalýan agyz suwy bilen-de üpjün edilmeýänligini habar berilýär.

Türkmenbaşy (ozalky Krasnowodsk) şäheriniň ýaşaýjylary suwyň we elektrik togunyň ýetmezçiliginden kösenýärler. Käbir maglumatlarda deňziň kenarynda ýerleşýän we ýurduň iri transport merkezleriniň biri bolan Türkmenbaşy şäheriniň ençeme böleklerinde suwuň iki-üç hepdeläp berilmeýänligi aýdylýar.


Iki-üç hepdeläp suwsuz kösenýän Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylarynyň arz-şikaýatlaryna şäher, welaýat we döwlet edaralarynda indi üns bermeýärler, hiç hili çäre görmeýärler – diýip, “Türkmen inisiatiwasy” guramasy habar berýär.

Maglumata görä, hususan-da prezidentiň kabulhanasynda, arz-şikaýatlar bilen ýüz tutýanlara Türkmenbaşydaky ýagdaýdan özleriniň habarlydyklaryny aýdýarlar. “Türkmenbaşyagyzsuw”, öňki “Wodokanal” edarasynyň başlygy Awdy Orazow bolsa ýanyna baran adamlara suw ýok diýip, jogap berip, muňa özünde hiç hili alajyň ýokdugyny aýdýar.

Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylarynyň suw maşynlarynda daşalýan agyz suwy bilen-de üpjün edilmeýänligini “Türkmen inisiatiwasy” ýazýar.

Suw kemçiligi Balkanabatda-da (öňki Nebitdag) bar. Azatlyk Radiosynyň Balkanabatdaky çeşmeleri şäherde ýagdaýyň öňem gowy däldigini, soňky döwürde bolsa hasam erbetleşenligini, suwuň belli-belli raýonlar bolaýmasa, asla ýok diýen ýalydygyny habar berdiler. Balkanabadyň ýaşaýjylary hem häkimlige arz-şikaýat edip durýarlar.

Türkmenbaşy şäheri ýurduň iri transport merkezi we deňiz derwezesi hasaplanýar.
70 müň adama golaý ilatly Türkmenbaşy şäheri ýurduň iri transport merkezi we deňiz derwezesi hasaplanýar. Emma bu şäherde we Balkan welaýatynyň beýleki iri şäheri bolan Balkanabatda elektrik togunyň ýetmezçiligi barada hem ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.


Emma ýakynda Balkanabada baran ýazyjy Amanmyrat Bugaýew özüniň suw we elektrik togunyň ýetmezçiligini duýmanlygyny Azatlyk Radiosyna telefon arkaly aýtdy. Emma ol ýaşaýyş jaýlarynyň ençeme sagatlap suwsuz galdyrylmagy bilen bagly ýagdaýyň öňem bolanlygyny belledi.

Hazar şäherçesiniň ýaşaýjysy 68 ýaşly Kyýas aganyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, suw we elektrik togy bu şäherçede hem problema. “Suwumyz gyt, yşygymyz ýok. Bir gün ýanýar, bir gün ýok. Suwumyz ýok. Aralykda iki hepdeläp suw bolmady” diýip, Kyýas aga aýdýar.

Näme sebäp bolýar?

Balkan welaýatynyň şäherlerinde suwuň gytçylygyny Bugaýew suwy akdyrýan turbalardaky ýa çekýän nasoslardaky tehniki kemçilikler bilen baglanyşdyrýar: “Nebitdag şäherine-de, Çelekene-de, Krasnowodska-da suw esasan ýerasty çeşmelerden we kanaldan nasos arkaly getirilyar. Belki, şol nasos stansiýalarynda käbir näsazlyklar ýüze çykandyr”.

Türkmenistanda ilatyň suw we elektirk togy bilen üpjünçiligindäki kemçilikler barada yzygiderli habar berilýär. Azatlyk Radiosynyň internet sahypasynda galdyrylan kommentarileriň birinde oba ýaşaýjylarynyň-da elektrik togunyň ýetmezçiliginden kösenişi barada aýdylýar. Toguň kesilip durmagyndan, hususana-da, dükanlardaky doňdurylan harytlaryň zaýalanýanlygy, öy-hojalyk tehnikasynyň ýanýanlygy barada gürrüň berilýär.

Ýaşaýyş jaýlarynyň suw we elektrik togy bilen üpjünçiliginiň gowşaklygyny köpler ýurtda san taýdan barha köpelip barýan iri we gymmatbaha obýektleriň işe girizilmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Esasan hem uly mukdarda suwy sarp edýän obýektleriň, fontanlaryň we emeli ýagdaýda ekilýän ösümlikleriň sany köpelýärkä, ýurtda suw we elektrik togy bilen üpjün edýän infrastruktura obýektleriniň sany zerur derejede köpelmeýär. Öňki obýketleriň mümkinçilikleri-de giňeldilmeýär.

Deňiz kenarynyň ugrundan 26 kilometre uzaýan we 5 müň gektar ýeri eýeleýän “Awazada” iri gurluşyklar dowam edýär.
Türkmenbaşy şäherindäki suw ýetmezçiliginiň sebäbini-de käbir synçylar “Awaza” syýahat zonasynda täze obýektleriň işe girizilmeginden görýärler. Habar berlişine görä, “Awazada” suw we elektrik togy bilen bagly hiç hili kemçilik ýüze çykmaýar.

Deňiz kenarynyň ugrundan 26 kilometre uzaýan we 5 müň gektar ýeri eýeleýän “Awazada” iri gurluşyklar dowam edýär. Resmi maglumatlara görä, 2020-nji ýyla çenli dowam etdiriljek gurluşyklarda esasy üns dynç alyşa, tomaşa we güýmenjä günükdirilen obýektlere berler. Bu ýerde ýurduň ähli humarhanalary jemlener.

“Awazada” elektrostansiýanyň we suwy duzsuzlandyrmak boyunça gurallaryň, uzynlygy 7 kilometrlik emeli derýanyň guruljagy hem aýdylýar. Emma, resmi maglumatlara görä, şu günki güne çenli bu ýerde gaz-turbinaly elektrostansiýanyň diňe birinji liniýasy işe girizilipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG