Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: namazdan soň protestçiler oka tutuldy


Siriýaly esgerler harby ulaglarda, 10-njy awgust.

Siriýaly esgerler harby ulaglarda, 10-njy awgust.

Anna güni Siriýanyň howpsuzlyk güýçleri azyndan 13 protestçini öldürdi diýlip, habar berilýär. Bu waka prezident Başar al-Assadyň häkimiýet başyndan çekilmegini talap edýän protestçilere garşy alnyp barylýan operasiýalaryň çaginde amala aşyryldy.

Anna güni okalan juma namazyndan öň, Siriýada hökümete garşy geçirilýän protestleriň has hem artmagyndan howatyr edip, ýurduň howpsuzlyk güýçleri öz çärelerini artdyrdylar. Garaşylşy ýaly, juma namazyndan soň, ýurduň dürli künjeklerinde Assadyň režimine garşy köpçülikleýin demonstrasiýalar geçirildi.

Aktiwistler we şaýatlar paýtagt Damaskyň eteginde bäş adamyň atylyp öldürilendigini aýdýarlar. Ýene bir adam Homsda, başga bir adam bolsa Hamanyň merkezinde öldürilipdur. Ýurduň demirgazyk şäheri Aleppoda bolsa iki adam, gündogardakt Deýr al-Zur şäherinde bir adam, demirgazyk-günbatardaky Idlibde bir adam öldürilipdir.

Anna güni irden bir aýal bilen bir erkegiň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilendiklerini aktiwistler habar beripdiler.

Döwlet eýeçiligindäki “Sana” habar agentligi Damskyň eteginde ýerleşýän Doumada iki sany polisiýa işgäriniň öldürilendigini habar berdi.

Deýr al-Zur şäheriniň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, anna güni okalan juma namazyndan soň, Siriýanyň harbylary Harwil metjidini oka tutupdyrlar, netijede uly ýangyn emele gelipdir. Oklaryň sesinden ýaňa aljyraňlyga düşen adamlar çem gelen tarapa gaçypdyrlar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Siriýadaky adam hukuklarynyň gözegçisi” atly guramanyň ýolbaşçysy Rami Abdel Rahman Hama we Homs şäherlerinde hökümete garşy geçirilen protestlere on müňlerçe adamyň gatnaşandygyny aýdýar.

Siriýanyň häkimiýetleri garaşsyz media ýurduň çäginde iş alyp barmaga rugsat bermeýärler, bu ýagdaý bolýan wakalary we berilýän sanlary tassyklamakda kynçylyk döredýär.

Emma Remezan aýynyň başyndan bäri Assadyň güýçleriniň ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlerde hüjümlerini artdyrandyklary fakt.

Adam ýitgileri

Adam hukuklaryny goraýjylaryň aýtmagyna görä, prezident Başar al-Assadyň režimine garşy mart aýynyň ortalaryna başlanan protestlerde häzire çenli 2,150 töweregi adam öldürlipdir. Bularyň 1,700 sanysynyň asuda ilatdandygy aýdylýar. Şeýle-de howpsuzlyk güýçlerinden 400 gullukçy öldürlipdir, bularyň aglabasy parahat ýaşaýjylary goramak üçin, demonstrantlaryň tarapyna geçensoňlar, Assadyň tarapdarlary tarapyndan öldürilen adamlardyr.

Anna günleri Siriýada hökümete garşy protestleriň güýçlenýän esasy günlerine öwrüldi. Her hepdäniň juma güni ýüzlerçe müň adam demonstrasiýa geçirmek üçin ýurduň dürli künjeklerinde köçelere çykýarlar.

“Siriýanyň rewolýusiýasy-2011” atly “Facebook” sosial ulgamyndaky bir toparyň internetde ýerleşdiren maglumatynda “Biz diňe Allanyň öňünde dyza çökeris” diýlip bellenilýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton penşenbe güni eden çykyşynda Hytaýy, Orsýeti we Hindistany Assada garşy basyşy artdyrmaga çagyrdy. Klintonyň Amerikanyň CBS telekanalyna aýtmagyna görä, Assadyň režimine garşy has köp sanksiýalar girizilmeli.

“Häzir Assada garşy basyş etmek üçin, nebit we gaz senagatyna sanksiýalary girizmelidiris. Biz Ýewropanyň bu ugurda ädim ätmegine garaşýarys. Şeýle-de Hytaýyň hem biziň bilen bu ugurda bile ýöreýşini görmek isleýäris. Hindistanyň hem bu ugurda hereket etmegini isleýäris. Sebäbi Hindistanyň hem, Hytaýyň hem Siriýada uly energiýa sermaýalary bar” diýip Klinton aýtdy.

Anna güni žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda bolsa, Klinton Assadyň režiminiň öz kanuny güýjüni ýitirendigini aýtdy. Ol: “Assad liderlik hukugyny ýitirdi, Siriýanyň onsuz has gowy boljakdygy aýdyňdyr” diýdi.

Şeýle hem Klinton Siriýa ýarag satýan ýurtlary bu ugurdaky söwdalaryny togtatmaga çagyrdy. Görnüşe görä, bu beýanat Siriýa iň köp ýarag satýan ýurt bolan Orsýete gönükdirilen bolmaly.

Ak Tamyň berýän maglumatyna laýyklykda, penşenbe güni Obama Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan bilen telefon arkaly gürleşipdir. Olar Siriýada “demokratiýa geçişiň” zerurdygyny belläpdirler.

Waşingtondaky resmileriň aýtmagyna görä, prezident Barak Obama Assadyň häkimiýetden çekilmegine ilkinji gezek anyk çagyryş etmäge taýýarlyk görýär.
XS
SM
MD
LG