Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pan Gi Mun Liwiýadaky ýagdaýlara alada bildirdi


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun Liwiýadaky konfliktiň netijesinde parahat ilatyň arasyndan ýitgileriň köpelýändigi baradaky habarlara özüniň aladasyny bildirdi. Bu maglumata NATO-nyň howa hüjümleri netijesinde öldürildi diýilýän parahat ýaşaýjylar baradaky maglumatlar hem girýär.

Pan Gi Mun belli bir tarapyň adyny tutmazdan, çaknyşyklarda “juda seresap” bolmaga çagyrdy. Ol ilki başda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi tarapyndan tassyklanan, Liwiýa boýunça geçirilýän harby-howa kampaniýasynyň tarapdary bolupdy.

Emma BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň käbir agzalary, şol sanda Orsýet, Hytaý, Braziliýa, Hindistan we Günorta Afrika Muammar Kaddafiniň režimini nyşana alýan bu operasiýany tankytlaýar. Olaryň bellemegine görä, NATO-nyň alyp barýan harby hereketleri BMG-niň Rezolýusiýasynyň çäginden çykýar.

Özniň beýanatynda Pan harby çäreleriň Liwiýa krizisi boýunça çözgüt bolup bilmejekdigini, “atyşygy bes etjek syýasy prosesiň Liwiýada parahatçylygy we howpsuzlygy ornaşdyrmagyň ýeke-täk ýoludygyny” aýtdy.
XS
SM
MD
LG