Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Peşewardaky hüjümleri öz üstüne aldy


Pakistanyň “Talyban” söweşijileri Peşawar şäherinde janyndan geçen bir aýalyň amala aşyran hüjüminiň, şeýle-de başga bir bomba hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Penşenbe güni bir aýal Peşawar şäher polisiýasynyň barlag-gözegçilik nokadynyň golaýynda özüni partladypdy. Bu wakada hüjümçiniň özi we onuň ýanyndaky bir aýal öldi.

Bu wakadan biraz öň, el arabasyna ýerleşdirilen bomba partlady. Alty adam partlamanyň pidasy boldy.

Pakistanyň Mohmand etrabyndaky “Talybanyň” başlygy Omar Halidiň telefon arkaly AFP habar agentligine aýtmagyna görä, janyndan geçen aýal hüjümçileri ulanmak täze strategiýanyň bir bölegidir.

Ol bu hüjümleriň tire-taýpa regionlaryndaky söweşijilere garşy alnyp barylýan harby operasiýalara jogap hökmünde amala aşyrylýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG