Sepleriň elýeterliligi

Britaniýada 600 töweregi adama aýyplama bildirildi


Britan polisiýasy şu hepde Londonda bolan ýykan-ýumrançylykly hereketler boýunça 600 töweregi adama aýyplama bildirdi.

Londonda geçen şenbe güni başlanan we dört gijaniň dowamynda beýleki şäherlere ýaýran bu bulagaýçylyklarda 1,700 töweregi adam tussag edildi.

Bidüzgünçiliklerde bäş adam öldi. Adam öldürmelere dahylly bolmakda gümän edilip, üç adam sorag edilýär.

Premýer-ministr Deýwid Kameron kanun bozujylaryň tussag ediljekdigini we bulagaýçylyklar sebäpli jezalandyryljakdygyny aýtdy.

Resmileriň aýtmagyna görä, bidüzgünçilikleriň syýasy ýa-da protest geçirmek matlaby bolman, diňe jenaýatçylyk maksatlary bilen amala aşyrylypdyr.
XS
SM
MD
LG