Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda adam öldüren esgere ölüm jezasy berildi


Anna güni Pakistanyň sudy ýurduň ýarym harby howsuzlyk işgärini ýaragsyz adamy öldürmekde aýyplap, ölüm jezasyna höküm etdi.

Iýun aýynda Karaçi şäherinde Sarfaraz Şah golaý aralykdan atylyp öldürilipdi. Bu waka wideoýazga düşürilip, telewideniýede gaýta-gaýta görkezilipdi. Bu habar adamlaryň gahar-gazabyny oýarypdy.

Bu waka bilen baglanyşykly başga-da alty adam – bäş sany ýarym harby esger we bir graždan adam ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Reýnjerleriň aýtmagyna görä, Şah bir aýaly ogurlajak bolup duran wagty tussag edilipdir. Şahyň maşgalasy bu aýypmalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG